“Şa Ýolbars” franşizasynyň girdejisi 3 milliard dollardan, Sonik hakyndaky  trilogiýanyňky 1 milliard dollardan geçdi

  • 08.01.2025 17:25
  • 8.3k+

“Şa Ýolbars” franşizasy kinoteatrlarda 3 milliard dollardan gowrak girdeji gazandy. Ýakynda çykan “Mufasa: Şa Ýolbars” filmi bu möçberiň üstüne 476 million dollar goşdy diýip, Variety habar berýär.

1994-nji ýyldaky asyl multfilm 968 million dollar, onuň 2019-njy ýylda surata düşürilen kinosy 1,6 milliard dollar gazandy.
Şol bir wagtyň özünde, filmiň dynç alyş günlerinde çykandygyna garamazdan, “Mufasanyň” kassa ýygymlary, marketingi hasaba almazdan, 200 million dollardan geçýän önümçilik çykdajylaryny ýapmady. Kinoteatrlar girdejiniň ýarysyna golaýyny özlerine alyp galýarlar.
Şol bir wagtyň özünde, “Sonik kinoda 3” filminiň dünýädäki kassa ýygymy 336 million dollara ýetdi, bu franşizanyň ikinji bölüminden (405 million dollar) sähel az we birinji bölüminden bolsa (319 million dollar) az-owlak köp. Umuman alanyňda, “Sonik” trilogiýasy 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazandy. Paramount Pictures filmleri “çäksiz geljegi bolan sarsmaz medeni güýç” diýip atlandyrdy.
Disney-iň “Moana 2” multfilmi hem milliardlarça dollar gazanmaga ýakyn bardy,  multfilmiň kassa ýygymy geçen hepdäniň ahyrynda 960 million dollara ýetdi.
Robert Eggersiň “Nosferaty” gorkunç filmi ilkinji görkezilişinden soň, 10 günüň içinde dünýäde 100 million dollar girdeji gazandy.


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....