“Ýaş, owadan hem mähirli”: Braziliýaly zenan dünýäde iň garry adam diýlip ykrar edildi

  • 08.01.2025 14:41
  • 16k+

Dünýäde iň garry adam adynyň täze eýesi hökmünde Braziliýadan zenan monah Ina Kanabarro Lukas resmi taýdan ykrar edildi. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitaby habar berdi.

Bütin dünýäde uzak ýaşaýan adamlary yzarlaýan LongeviQuest guramasynyň maglumatlaryna görä, Kanabarro 1908-nji ýylyň 8-nji iýunynda Braziliýanyň günortasynda uly maşgalada dünýä indi. Ol resmi taýdan 116 ýaşynda. Onuň ýegeni 84 ýaşly Kleber Kanabarro Inanyň doglan senesiniň iki hepde giç hasaba alnandygyny, aslynda 27-nji maýda doglandygyny aýdýar.
Şeýle-de, Kleber daýzasynyň çagalykda örän hor bolandygyny, şol sebäpli köpleriň onuň hatda diri galmagyna garaşmandygyny aýtdy.
Ina at-abraýly maşgaladan. Ol 1835-nji ýylda Braziliýanyň günortasynda başlanan respublikan gozgalaňynyň baştutanlarynyň biri general Dawid Kanabarronyň (1796-1867) çowlugydyr.
Ol özüniň uzak ýaşamagynyň syryny katoliki ynanç diýip hasaplaýar. Ol heniz ýetginjeklik ýaşynda dindar boldy, Rio-de-Žaneýro gaýdyp gelmezden, soňra özüniň dogduk ştaty Riu-Grandi-du-Sulda gutarnykly ornaşmazdan öň iki ýyl Montewideoda (Urugwaý) boldy.
Häzir Ina Portu-Alegri şäherindäki garrylar öýünde ýaşaýar, ol maýyp bolsa-da, ruhdan düşmeýär. Uzak ýaşamagynyň syry baradaky soraga özüne mahsus şadyýanlygy bilen jogap berýär: “Men ýaş, owadan we mähirli – mende sizde-de bar bolan örän gowy, oňyn häsiýetler bar”.
Ina Kanabarro futboly örän gowy görýär we ýerli “Internasýonal” klubunyň wepaly muşdagydyr. Ol bu kluby saýlamagyny onuň ýönekeý halky görkezýändigi bilen düşündirýär.
Öz gezeginde klub her ýyl öz garryja janköýeriniň doglan gününi belleýär – onuň otagy toparyň gyzyl-ak reňklerindäki sowgatlar bilen bezelen.
Ýer ýüzüniň iň garry ýaşaýjysy ady oňa ýaponiýaly Tomiko Itookadan geçdi. Ol 2024-nji ýylyň 29-njy dekabrynda, 116 ýyl 220 gün ýaşynda aradan çykdy.


18.06.2026 22:32
3.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....