Serdar Berdimuhamedow Hytaýda bolup geçen ýertitreme zerarly Si Szinpine gynanç bildirdi

  • 08.01.2025 11:03
  • 23k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň günorta-günbatar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi diýip, TDH habar berýär.
7-nji ýanwarda ýerli wagt bilen 9.05-de Tibet awtonom raýonynyň Şigadze okrugynyň Tingri uýezdiniň çäginde 6,8 magnitudaly ýertitreme bolup geçdi. Ýertitremäniň ojagy on kilometr ýeriň aşagynda ýerleşdi. Ýertitremeden soň, ýerli wagt bilen 8.00-da seýsmeologlar umumylykda 515 sany afterşoklary (esasy titremeden soň bolup geçýän gaýtalanýan titremeler) hasaba aldylar. Maglumatlara görä, 126 adam aradan çykdy, 188 adam şikes aldy.


20.06.2026 14:57
7k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....