Serdar Berdimuhamedow Saud Ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji dolandyryjysyny kabul etdi

  • 07.01.2025 22:36
  • 6.1k+

7-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji dolandyryjysy Sultan Abdulrahman Al-Marşady kabul etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda Saud Ösüş gaznasy bilen gatnaşyklarynyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi.
Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda bu Gazna bilen hyzmatdaşlyk edip gelýär. Geçen döwrüň içinde Gazna ýurdumyzda amala aşyrylan birnäçe milli we halkara ähmiýetli iri taslamalary maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşdy.
Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi diňe olara gatnaşyjy ýurtlaryň däl-de, eýsem, ähli sebit ýurtlarynyň halklarynyň bähbidine hem hyzmat edýär diýip, Türkmenistanyň Prezidentimiz belledi hem-de Türkmenistan bilen Saud Ösüş gaznasynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy  pugtalandyrmaga berýän goldawy üçin myhmana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklady.
Myhman netijeli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň çäklerinde Gaznanyň saglygy goraýyş we ulag ulgamlarynda birnäçe taslamalary maliýeleşdirmek işine gatnaşýandygyna örän şatdygyny hem-de okgunly ösýän, geljegi uly türkmen bazarynyň maýa goýum babatda özüne çekijiliginiň uly gyzyklanma döredýändigini belledi.


düýn 22:17
784

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......