Belarus Respublikasynyň ilçisi Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

  • 07.01.2025 22:24
  • 3.9k+

7-nji ýanwarda Belarus Respublikasynyň Türkmenistanda wezipä täze bellenen ilçisi Stanislaw Çepurnoý Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Serdar Berdimuhamedow Stanislaw Çepurnoýy jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Belarusyň doly ygtyýarly wekiliniň wezipesini ýerine ýetirýän döwründe ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynam bildirip, döwlet Baştutany oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen-belarus gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Bellenilişi ýaly, döwletara ynsanperwer gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň hem-de Belarus Respublikasynyň ylym-bilim, sport, medeniýet we sungat ulgamlaryndaky ysnyşykly hyzmatdaşlygy iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Diplomat iki dostlukly ýurduň we halklaryň bähbidine hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......