SpaceX bir ýylda orbita 1500 tonna ýük daşap, rekordy täzeledi

  • 07.01.2025 15:19
  • 2.5k+

2024-nji ýylda Ilon Maskyň SpaceX kosmos kompaniýasy görlüp-eşidilmedik netijelere eýe bolup, bäsdeşlerinden ep-esli öňe geçdi. Ýylyň dowamynda kompaniýa Falcon 9 we Falcon Heavy kysymly göteriji raketalaryň 134 sany uçuryşyny amala aşyrdy, şol döwürde Ýeriň orbitasyna ep-esli - 1 497 848 kilogram ýüki üstünlikli eltdi. Bu kosmonawtikanyň tutuş taryhynda absolýut rekorddyr.

Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji boýunça ikinji ýerde durýan Hytaýyň Aerokosmik korporasiýasy (CASC) ýylyň dowamynda bary-ýogy 62 680 kg gerekli ýüki orbita eltdi. Bu SpaceX-iň netijeleriniň 5% -i  hem däldir.
Roskosmos (60 610 kg) we Russiýanyň howa-kosmiki güýçleri (10 000 kg) degişlilikde üçünji we dördünji orny eýelediler.
Kosmos bazarynyň beýleki oýunçylarynyň görkezijileri hasam ujypsyz boldy: Mitsubishi Heavy Industry (MHI, Ýaponiýa) - 5665 kg, Hindi kosmos barlaglary guramasy (ISRO) - 3909 kg, Arianespace (Fransiýa) - 3514 kg, United Launch Alliance (ULA, ABŞ) - 2783 kg, Rocket Lab (ABŞ) - 881 kg, Eýranyň kosmos gullugy (ISA) - 300 kg.


düýn 22:32
3.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

17.06.2026 17:42
5.9k+

«Mugt Buharda ýok»: Starlink mugt hyzmatlary ýatyryp, enjamlar üçin töleg almakçy

SpaceX kompaniýasy özüniň Starlink hemrasyndan internet hyzmatyna goşulmagyň düzgünlerini üýtgetdi. Operator hakykat ýüzünde ulanyjy terminalyny mugt bermek programmasyny ýapdy....

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....