Hytaý hemra aragatnaşygy arkaly maglumatlary geçirmegiň tizliginde Starlink-den geçdi: 100 Gbi /s

  • 06.01.2025 22:24
  • 7k+

Hytaýyň Chang Guang Sputnik Tehnologiýasy kompaniýasy emeli hemradan Ýere maglumat geçiriş tizliginde täze rekord goýdy. Kompaniýa ilkinji bolup tizlikde 100 Gbit/s görkezijä ýetdi, bu Ilon Maskyň Starlink ulgamynyň mümkinçiliklerinden has ýokarydyr diýip, South China Morning Post habar berýär.

Kompaniýa öňki rekordyny on esse artdyrmagy başardy.
Synag Jilin-1 toparynyň hemralarynyň biri we ýük awtoulagyna oturdylan Ýerdäki göçme stansiýa bilen geçirildi. Stansiýanyň göçme hereketi, durnukly aragatnaşyk üçin amatly howa şertleri bolan ýerleri saýlamaga mümkinçilik berýär.

“Starlink-de hemra ara aragatnaşygyň lazer ulgamy bar, ýöne olar entek hemra-Ýer lazer aragatnaşygy ýaýbaňlandyrmady. Olarda şeýle tehnologiýanyň bolmagy mümkin diýip çaklaýarys, ýöne biz eýýäm giň gerimli enjamlaşdyryş işine başladyk" - diýip, kompaniýanyň ýerdäki stansiýalaryň lazer aragatnaşygy tehnologiýasy boýunça ýolbaşçysy wan Hanhan mälim etdi.

Ýetilen tizlik bir sekuntda ýokary durulykdaky 10 sany doly göwrümli filmi geçirmäge mümkinçilik berýär. Alymlar atmosfera päsgelçiliginiň öwezini dolmak we lazeri takyk gönükdirmek ýaly çylşyrymly tehniki meseleleri çözmeli boldular.
Chang Guang Satellite Technology 2027-nji ýyla çenli Jilin-1-iň 300 hemrasynyň hemmesini lazer aragatnaşyk ulgamy bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu ugurda işläp taýýarlaýyşlar ABŞ-da we Fransiýada-da dowam edýär. Mysal üçin, NASA-nyň TBIRD ulgamy 2023-nji ýylda 200 Gb / s tizlige ýetdi.


11.06.2026 23:52
6.8k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
4.8k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

31.05.2026 00:31
2.1k+

ÝB Starlink-iň işini çäklendirip, ýewropaly operatorlary goldamagy meýilleşdirýär

Ýewropa Bileleşigi daşary ýurt tehnologiýa kompaniýalaryna bolan garaşlylygyny azaltmak we ýewropaly operatorlara goşmaça mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Starlink» hem «Kuiper» ýaly amerikan......

28.05.2026 17:08
6k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....