“PSŽ” Fransiýanyň Superkubogynyň 13 gezek ýeňijisi boldy

  • 06.01.2025 12:23
  • 5.8k+

“Pari Sen-Žermen” final oýnunda “Monakony” utup, Fransiýanyň Superkubogynyň eýesi boldy. Oýun ýekşenbe güni Dohada (Katar) geçirildi we Pariž klubunyň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy.

Oýnuň esasy wagtyna goşulan soňky minutlarda ýeke-täk goly “PSŽ-niň” wingeri Usman Dembele geçirdi (90+2).
Bu parižliler üçin yzygider üçünji we olaryň taryhynda 13-nji kubok boldy. “PSŽ” Superkubogy fransuz klublarynyň ählisinden köp gazandy. Ikinji orny eýeleýän “Olimpik Lion” 8 gezek ýeňiji boldy.
“Monako” üçin bu ýeňliş Fransiýanyň Superkubogy üçin oýunlarda dördünji boldy. Ol tituly dört gezek gazanypdy, soňky gezek 2000-nji ýylda aldy.
Ilkibaşda oýny 2024-nji ýylyň 8-nji awgustynda Pekinde geçirmek meýilleşdirilipdi, ýöne oýun yza süýşürildi.


düýn 13:51
7.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......