S.A.Nyýazow adyndaky TOHU Türkmenistanda ilkinji bolup Ýüpek ýolunyň uniwersitetler bileleşigine girdi

  • 05.01.2025 23:35
  • 11k+

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanda ilkinji bolup Ýüpek ýolunyň uniwersitetler bileleşiginiň (University Alliance of the Silk Road — UASR) agzalygyna kabul edildi.

Ýüpek ýolunyň uniwersitetler bileleşigi Hytaý Halk Respublikasynyň «Bir guşak, bir ýol» daşary syýasy başlangyjynyň çäginde döredilen bilim guramasy bolup, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän döwletleriň ykdysady ösüşini goldamak, bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, 2015-nji ýylyň 22-nji maýynda döredildi. Bileleşigiň sekretariaty Hytaýyň Sian şäherindäki Sian Jiaotong uniwersitetinde ýerleşýär.
Sebitara we döwletara dostluk gatnaşyklaryny ösdürmek, parahatçylyk arkaly ösüşi goldamak maksady bilen, özara bähbitli bilim, medeni gatnaşyklary ýola goýmak, uniwersitetara alyş-çalyş etmek, zehinleri goldamak, bilelikde ylmy-barlag taslamalaryny alyp barmak bu halkara bileleşigiň esasy wezipeleridir.
Belläp geçsek, 2024-nji ýylda 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Times Higher Education» guramasynyň «World University Rankings 2025» sanawyna goşuldy. Şeýle hem ýokary okuw mekdebi «UI GreenMetric World University Rankings» sanawynda 95 döwletden 1477 sany ýokary okuw mekdebiniň arasynda 474-nji orna mynasyp boldy.


19.06.2026 18:41
3.2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.3k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......

13.06.2026 18:59
5.2k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......