Aşgabatda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy

  • 05.01.2025 23:26
  • 3.8k+

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Baýrak Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Bilim ministrligi tarapyndan her ýyl gowşurylýar.

Baýrak zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga we höweslendirmäge gönükdirilendir. Bäsleşige gatnaşýanlar etrap we welaýat derejesinde birnäçe saýlaw tapgyryndan geçýärler. Ähli tapgyrdan üstünlikli geçenler döwlet derejesinde çykyş etmäge mümkinçilik alýarlar.
Şu ýyl ýurdumyzyň dürli künjeginde okuwda, ylymda, döredijilikde, aýdym-sazda, sport ýaryşlarynda özlerini ajaýyp görkezen, döwlet hem halkara olimpiadalarynda üstünlikli çykyş eden ýaş zehinler bäsleşigiň ýeňijileri boldy. Ýeňijileriň içinde 90 çaga we iki sany döredijilik topary bar.

Ýetginjek oglan-gyzlar bäsleşigiň ýadygärlik diplomlaryna we gymmatly sowgatlara mynasyp boldular.

  • 1. Serdarowa Perwana Meýlisowna – Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy.
  • 2.Atadurdyýew Baýramgeldi Annageldiýewiç – Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy.
  • 3. Omarowa Hatyja Bazarowna – Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy.
  • 4.Kakabaýewa Humaý Baýmuhammedowna – Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy.
  • 5. Allaberdiýew Arzuw Şamyradowiç – Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy.
  • 6. Berdiýewa Liwanur Çaryýewna – Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy.
  • 7. Amanowa Janan Serdarowna – Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy.
  • 8. Igliýew Arslan Maksadowiç – Aşgabat şäheriniň 1-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy.
  • 9. Haknazarow Şamährem Haknazarowiç – Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 4-nji synp okuwçysy.
  • 10. Pudakowa Gülnar Maksadowna – Aşgabat şäheriniň 126-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy.
  • 11. Rahmanow Adylserdar Rahmanowiç – Aşgabat şäheriniň takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy.
  • 12. Goçkarow Şanazar Pirnazarowiç – Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy.
  • 13.Saparowa Mähriban Jumamyradowna – Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň 8-nji synp okuwçysy.
  • 14.Döwliýew Orazgeldi Seýranmuhammedowiç – Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň 8-nji synp okuwçysy.
  • 15.Baýramow Ysmaýyl Sahysalyhowiç – Aşgabat şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy.
  • 16.Ýaýlymowa Aýşat Ýaranowna – Aşgabat şäheriniň 71-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy.
  • 17. Şirowa Tylla Deňiz – Aşgabat şäheriniň A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy.
  • 18. Ýaranow Muhammetnur Ýazmuhammedowiç – Aşgabat şäheriniň 99-njy orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy.
  • 19. Seýitjanowa Näzli Muhammedowna – Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 85-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy.
  • 20. Merdanow Perhat Mälikgulyýewiç – Aşgabat şäheriniň 38-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy.
  • 21. Kirtowa Bägül Mämmetniýazowna – Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 133-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy.
  • 22. Ýaňybaýew Selim Ahmedowiç – Aşgabat şäheriniň 45-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy.
  • 23. Öwezberdiýew Aýmuhammet Sapargulyýewiç – Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 80-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy.
  • 24. Baýrammyradow Mekan Baýrammyradowiç – Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy.
  • 25. Öwezdurdyýew Eziz Öwezdurdyýewiç – Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy.
  • 26. Dallaýewa Gülsona Hoşgeldiýewna – Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň 150 orunlyk çagalar bakja-bagynyň “Bilgirje” uly toparynyň körpesi.
  • 27. Hudaýnazarowa Bahargül Hudaýnazarowna – Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň H.Çaryýew adyndaky 2-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy.
  • 28. Rejepowa Jeren Annageldiýewna – Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň A.Amandurdyýew adyndaky 30-njy orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy.
  • 29. Bogdasarowa Çemen – Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyrylyp öwredýän ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy.
  • 30. Hojaýewa Oguljennet Allamyradowna – Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy.
  • 31. Umamberdiýew Amanmyrat Amandurdyýewiç – Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy.
  • 32. Azymowa Maral Meýlisowna – Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy.
  • 33. Nurmyradowa Melek Taňryberdiýewna – Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 11-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy.
  • 34. Begpolodowa Ogulşat Batyrowna – Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy.
  • 35. Şöhradow Rahymberdi Şöhradowiç – Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy.
  • 36. Döwletowa Ogulnäzik Döwletowna – Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň 35-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy.
  • 37. Şamämmedow Kakageldi Hemraýewiç – Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 23-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy.
  • 38. Kakageldiýew Şalar Ýusupowiç – Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy.
  • 39. Balkan welaýatynyň welaýat çagalar sungat mekdebiniň “Balkan” hor döredijilik topary.
  • 40. Haýlyýewa Aýläle Näzmuhammedowna – Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň H.Dawaýew adyndaky 20-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy.
  • 41. Saparow Muhammet Täçmämmedowiç – Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň A.Hudaýbergenow adyndaky 17-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy.
  • 42. Tagannurow Arzuw Tagannurowiç – Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 23-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy.
  • 43. Täşliýewa Nurjahan Bezirgenowna – Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 6-njy orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy.
  • 44. Gaýlyýewa Medine Berdigylyjowna – Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň H.Dawaýew adyndaky 20-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy.
  • 45. Geldimyradowa Gülzar Geldimyrat gyzy – Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy.
  • 46. Begjanowa Mährijemal Baýramtaganowna – Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň A.Arbadow adyndaky 3-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy.
  • 47. Hangeldiýew Kerem Hangeldiýewiç – Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy.
  • 48. Öwezowa Aýsenem Rejepgeldiýewna – Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň 10-njy takyk ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy.
  • 49. Bozaganow Arslanmyrat Baýrammyradowiç – Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň 14-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy.
  • 50. Orazgylyjow Baýramgeldi Saparowiç – Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy.
  • 51. Kömekowa Gylyçbibi Hezretiisaýewna – Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň A.Ahundow Gürgenli adyndaky 9-njy orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy.
  • 52. Atamuradow Meýlis Myradowiç – Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy.
  • 53. Hupbyýewa Dilber Guwançmyradowna – Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy.
  • 54. Hojamow Halmyrat Maksadowiç – Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy.
  • 55. Ýusupowa Nurjemal Serdarowna – Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy.
  • 56. Babaýewa Aýlar Guwanjowna – Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 94-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy.
  • 57. Ataýewa Näzli Tagandurdyýewna – Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň ýöriteleşdirilen 53-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy.
  • 58. Geldiýew Mährem – Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň 58-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy.
  • 59. Ataýewa Gülzada Meýlisowna – Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň 59-njy orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy.
  • 60. Täçmyradowa Aýnur Öwezgeldiýewna – Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň 50-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy.
  • 61. Sapargeldiýewa Şirinjemal Meýlisowna – Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 37-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy.
  • 62. Atabaýewa Akmeňli Hudaýberdiýewa – Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy.
  • 63. Halnazarowa Çeper Halnazarowna – Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy.
  • 64. Nurllaýewa Selbi Şowkatowna – Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy.
  • 65. Baltaýew Didar Raşidowiç – Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy.
  • 66. Tahyrjanowa Milara Tahyrjanowna – Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 26-njy orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy.
  • 67. Töräýew Umyt Amangeldiýewiç – Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy.
  • 68. Döwletýarowa Aýna Döwletýarowna – Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy.
  • 69. Baýramow Kerim Baýramowiç – Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy.
  • 70. Abaýewa Merjen Ýoldaşowna – Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy.
  • 71. Begendikowa Mähriban Begendikowna – Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy.
  • 72. Jumadurdyýewa Jahan Azadowna – Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy
  • 73. Mekanowa Maýa Mekan gyzy – Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy.
  • 74. Amangeldiýew Serdar Aganurowiç – Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy.
  • 75. Serdarowa Şeker Serdarowna – Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Magtymguly adyndaky 1-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy.
  • 76. Annageldiýewa Gülnahal Gadamowna – Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy.
  • 77. Mary welaýatynyň Mary şäheriniň “Joşgun” çagalar we ýetginjekler döredijilik topary.
  • 78. Jumadurdyýew Salyh Arslanowiç – Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 30-njy orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy.
  • 79. Akmuhammedow Allanur Allamyradowiç – Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 25-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy.
  • 80. Hemraýewa Aýlar Azadowna – Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 14-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy.
  • 81. Allahwerdiýewa Ýasmina Zaurowna – Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 22-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy.
  • 82. Abdyýewa Aýparça Öwezberdiýewna – Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy.
  • 83. Ýagmyrowa Bägül Ýagmyrowna – Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy.
  • 84. Atabaýewa Mähri Ýakubowna – Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 34-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy.
  • 85. Prohorow Denis Fýodorowiç – Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy.
  • 86. Nurmuhammedow Ibrahim Nurmuhammedowiç – Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň 47-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy.
  • 87. Hudaýberdiýewa Gülşat Şatlykowna – Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 12-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy.
  • 88. Täjowa Güljemal Sähetmyradowna – Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 12-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy.
  • 89. Mämmedow Baýly Baýramgeldiýewiç – Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň Ýolöten etrabynyň Medeniýet bölüminiň çeper höwesjeňi.
  • 90. Ataýewa Aýjemal Maksadowna – Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 12-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy.
  • 91. Satlykowa Akpamyk Toýlyýewna – Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy.
  • 92. Tirkişowa Aýnur Tirkişowna – Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy.

düýn 17:30
13k+

Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda hepdelik howa maglumatyny paýlaşdy

Gidrometeorologiýa baradaky gulluk Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen maglumatda şeýle diýilýär: Aşgabatda üýtgäp...

04.01.2025 09:16
3.3k+

Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly täze kitaby tanyşdyryldy

3-nji ýanwarda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň...

04.01.2025 08:55
1.5k+

Türkmenistanyň taryhy we medeniýeti bilen tanyşdyrýan «Asyrlaryň yzlary» halkara ylmy ýygyndysynyň ikinji neşiri çykdy

Türkmenistanda halkymyzyň taryhy-medeni mirasyna degişli maglumatlar bilen okyjylary tanyşdyrýan «Asyrlaryň yzlary» halkara ylmy ýygyndysynyň ikinji neşiri çapdan çykdy. Ýygyndy Türkmenistanyň Taryhy we medeni...

03.01.2025 17:16
3.5k+

Aşgabadyň kinoteatrlarynda görkeziljek filmler, multfilmler hem-de sirk şüweleňi

“Arkaç” kinoteatry (6-njy ýanwara çenli) Zal 1: ·15:00 – “Žanna” (УничтоЖанна, 2024, super gahrymanlyk komediýasy) ·18:00 – “Largo Winç: Geçmişiň gazaby” (Ларго Винч: Гнев прошлого, 2024, triller/uruşly) ·20:00...