Siri ulanyjylaryň gepleşiklerini diňländigi üçin, Apple olara 95 million dollar tölär

  • 05.01.2025 13:50
  • 8.3k+

Apple kompaniýasy Siri-niň ulanyjylaryň şahsy maglumatlarynyň bozulmagy barada köpçülikleýin kazyýet arzasyny kadalaşdyrmak üçin 95 million dollar tölemäge razy boldy. Köpçülikleýin talap arzasyna gatnaşan enjam eýeleri ses kömekçisiniň, tötänleýin işjeňleşmeden soň, özleriniň şahsy gepleşiklerini ýazga alandygyny we maglumatlary mahabat berijiler ýaly, üçünji taraplar bilen paýlaşandygyny aýtdy diýip, Reuters habar berýär.

Arzaçylar, şahsy hasaplaýan mowzuklaryny ara alyp maslahatlaşanlaryndan soň, maksatly mahabat alyp başlandyklaryny aýtdylar.
Kazyýete berlen arza 2014-nji ýylyň 17-nji sentýabryndan 2024-nji ýylyň 31-nji dekabry aralygynda ses kömekçisine “Salam, Siri” aýratynlygy girizilen döwri öz içine alýar.
Kazyýet resminamalaryna laýyklykda, ulanyjylar Siri-li her enjam üçin 20 dollara çenli pul alyp bilerler.
Apple bu aýyplamalary ret edýär, ýöne kazyýet işiniň öňüni almak üçin töleg tölemäge razy boldy. Bölnüp berlen sazlaýyş gaznasyndan arzaçylaryň aklawçylarynyň hakujy hökmünde 28,5 million dollar we çykdajylaryň öwezini dolmak üçin 1,1 million dollar soramagyna garaşylýar. 95 million dollar Apple-iň bary-ýogy dokuz sagatda alýan girdejisidigi bellärliklidir.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...