Dünýäniň iň baý 500 adamynyň umumy baýlygy 10 trln dollardan geçdi

  • 04.01.2025 21:03
  • 15k+

Geçen ýyl dünýäniň iň baý 500 adamynyň umumy baýlygy 10 trln dollardan geçdi diýip, Bloomberg habar berýär.

Resmi taýdan dünýäniň iň baý ýaşaýjysy Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask hasaplanýar, onuň baýlygy 442,1 mlrd dollara ýetdi. Reýtingiň ilkinji üçlügine Meta-nyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg we Nvidia-nyň ýerine ýetiriji müdiri Jensen Huang girýär.
Umumy baýlygyň artmagyna tehnologiýa kompaniýalarynyň paýnamalarynyň gymmatlamagy sebäp boldy. Sekiz sany tehnologiýa kompaniýalarynyň eýesi geçen ýyl 600 mlrd dollardan gowrak girdeji gazandy.
Işewürleriň baýlygy ABŞ-nyň Prezident saýlawlarynda Donald Trampyň ýeňşinden soň birden ösdi. Saýlawlardan soň bäş hepdäniň dowamynda milliarderler 505 mlrd dollar gazandy – ýyllyk görkezijiniň 34%-i.
Şeýle-de, saýlawlaryň netijeleri sanly aktiwleriň ösüşine itergi berdi: bitkoin 100 müň dollar belliginden geçdi. Bu kriptomillionerleriň, hususan-da, Binance Holdings-den Çanpen Çžaonyň baýlygyna uly täsir etdi.


düýn 10:45
2.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.4k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

02.06.2026 12:08
2.1k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......