BYD ýyly elektrokarlaryň rekord satuwy bilen tamamlap, Tesla-a barha ýakyn geldi

  • 04.01.2025 20:52
  • 3.3k+

BYD hytaý awtoöndürijisi 2024-nji ýyly rekord görkezijiler bilen tamamlap, elektromobil bazarynda Tesla bilen aratapawudyny azaltdy. Kompaniýanyň umumy satuw göwrümi 4,25 mln ýolagçy awtomobiline barabar boldy diýip, Business Standard habar berýär.

Elektromobilleriň ýyllyk satuwy 1,76 mln birlige ýetdi, bu bolsa 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 41% köpdür.
Diňe 2024-nji ýylyň dekabr aýynda BYD 509 440 gibrid we elektromobil satdy, bu hem kompaniýanyň täze aýlyk rekordy boldy. Ösüşiň esasy hereketlendirijisi döwletiň pul kömegi we alyjylar üçin goşmaça arzanladyşlar bilen goldanan Hytaýyň içerki bazaryndaky satuw boldy.
Tesla heniz elektromobil bazarynda öňdebaryjylygyny saklaýar, ýöne BYD ynamly barýar. Özüniň ösüş çaklamasyny ýerine ýetirmek üçin Tesla dördünji çärýekde 515 000 awtomobil satmalydy, ýöne analitikler netijäniň, takmynan, 510 400 birlik bolmagyna garaşýarlar.
BYD-nyň ösüşi onuň dünýäniň iň iri awtoöndürijileriniň arasyndaky ornuny hem berkitdi. Kompaniýa umumy satuw boýunça eýýäm Ford-yň we Honda-nyň görkezijilerine ýakynlaşdy we ilkinji gezek 100 mlrd dollar ýyllyk girdejisinden geçmegine garaşylýar.
Şol bir wagtyň özünde, BYD daşary bazarlarda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Braziliýada kompaniýa zawod gurluşyk işlerindäki zähmet şertleri sebäpli tankyt edilýär, Ýewropa Bileleşiginde bolsa hytaý elektromobilleri üçin täze nyrhlar girizildi. Muňa garamazdan, BYD dünýäde dilerler we hyzmat merkezleri ulgamynyň ösüşine maýa goýmagyny dowam etdirýär hem-de elektromobilleriň model hataryny giňeltmegiň üstünde işleýär.


düýn 18:36
2.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......