2025-nji ýyl üçin medeniýet ulgamynyň iş meýilnamalary makullanyldy

  • 04.01.2025 13:22
  • 4.4k+

3-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa döwlet Baştutanyna medeniýet ulgamynyň şu ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Iş meýilnamalarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli çäreleri geçirmek, döredijilik bäsleşiklerini yglan etmek, halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni mirasymyzy öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärliklerde alnyp barylýan degişli işleri dowam etdirmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, muzeýleriň we kitaphanalaryň, medeniýet ugurly okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek, täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, teatrlarda döwrüň ruhuny beýan edýän eserleri sahnalaşdyrmak boýunça degişli işler göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem döwlet maksatnamalaryndan we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, köptaraplaýyn we milli hödürnamalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işleri dowam etmek, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan dürli filmleri surata düşürmek, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutany medeniýet ulgamynyň iş meýilnamalaryny makullady we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....