Serdar Berdimuhamedow söwda toplumynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullady

  • 04.01.2025 13:19
  • 5.6k+

3-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Atagulyýew Türkmenistanyň Prezidentine söwda toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu meýilnamalarda:

  • ýurdumyzyň içerki bazarynda haryt bolçulygyny hem-de bahalaryň durnuklylygyny mundan beýläk-de üpjün etmek;
  • söwda ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek;
  • dokma senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny has doly we netijeli ulanmak;
  • hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizdäki ornuny pugtalandyrmak;
  • daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek we beýleki çäreler göz öňünde tutulýar.

Serdar Berdimuhamedow söwda toplumynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň, içerki bazarlarda halkyň sarp edýän harytlarynyň bolçulygyny döretmegiň, sanly ykdysadyýeti we elektron söwdany ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutany dokma senagatynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny doly hem-de netijeli ulanmagyň zerurdygyny belläp, söwda toplumynyň iş meýilnamalaryny makullady we wise-premýere bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....