55 ýaşly belgiýaly aýal ýylyň her güni marafon geçip, rekord goýdy

  • 02.01.2025 18:38
  • 11k+

55 ýaşly belgiýaly aýal Hilde Dozon ýylyň dowamynda her gün marafon ylgap geçen dünýäde ilkinji aýal boldy diýip, Euronews habar berýär.

Sişenbe güni, 31-nji dekabrda ol Gentde özüniň soňky, 365-nji marafonyny tamamlady. Indi onuň üstünligini Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek meýilleşdirilýär.
Dozon bir ýylda 15,4 müň kilometrden gowrak ýol geçdi, bu bolsa Brýusselden Sidneýe çenli aralykdan hem uzakdyr. Marafon wagty ol göwsüň rak keselini bejermek boýunça ylmy gözlegler üçin, takmynan, 60 müň ýewro ýygnady.

“Meniň üçin akyl dartgynlylygy fiziki ýagdaýdan has agyr boldy. Elbetde, fiziki taýdan hem ähli zat gowy bolmaly, ýogsam her gün dört sagatlap ylgap bilmersiňiz. Ýöne her gün starta çykmak – psihika üçin uly agram” – diýip, Hilde aýdýar.

Hilde 2023-nji ýylda 150 marafon ylgan awstraliýaly Erçane Mýurreý-Barlettiň rekordyny täzeledi. Türgen bu çylşyrymly ýylyň tamamlanmagynyň diňe bir ýadawlyk däl, eýsem çuňňur kanagatlanma getirendigini belledi.


düýn 12:21
1.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

05.05.2026 17:34
9.5k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....