Türkmenistan 2025-nji ýyly garşylady

  • 02.01.2025 13:28
  • 7.7k+

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar halky ýetip gelen täze ýyly uly umyt-arzuwlar bilen garşy aldy.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň, teatr artistleriniň çykyşlary guraldy. Bezelen arçalar, çagalaryň şadyýan sesleri hemmeleriň söýgüli baýramyna özboluşly öwüşgin çaýdy. 2025-nji ýyly uly şatlyk-şowhun bilen garşylaýan Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada hem-de “Ylham” seýilgähinde ýurdumyzyň belli estrada aýdymçylary çykyş etdiler.
Täze ýyl gijesi ýurdumyzyň dürli reňkli yşyklar bilen ýalkym saçýan Baş arçasynyň ýanynda paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary ýygnandylar. Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň wekilleri döwrebap aragatnaşyk serişdeleriniň kömegi bilen teleköpri arkaly bu dabara gatnaşdylar. Baýramçylyk äheňinde bezelen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada aýdym-sazlar ýerine ýetirildi. Çagalar döredijilik toparlary, folklor toparlary, meşhur estrada artistleri öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Göni aragatnaşyk ýurdumyzyň dürli sebitleriniň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ýaşaýjylaryny birleşdirdi, olar birek-birege baýramçylyk gutlaglaryny beýan etdiler.
Teleköpriniň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow göni ýaýlymda Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl gutlagy bilen ýüzlendi. Paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde hem-de welaýatlarda dabara gatnaşyjylar, ähli ildeşlerimiz döwlet Baştutanynyň çykyşyny uly üns bilen diňlediler.
Sanlyja pursatdan sagadyň dilleri 12-ni görkezdi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.
Soňra baýramçylyk feýerwerki Aşgabadyň asmanyna ýalkym saçdy. Türkmenistan ýagşy umyt-arzuwlar bilen 2025-nji ýyla gadam basdy.


şu gün 00:03
516

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......