TmCars-dan Täze ýyl gutlagy

  • 31.12.2024 23:24
  • 23k+

TmCars-yň gadyrly ulanyjylary!
Sizi Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Goý, 2025-nji ýyl size şatlyk, rowaçlyk getirsin! Iň bir arzyly maksatlaryňyza ýetmäge mümkinçilik bersin! Geçip barýan ýylda biziň platformamyz size has elýeterli hem has ýakyn bolmaga çalyşdy: bir milliondan gowrak ulanyjy bize ynam bildirip, her gün on müňlerçe bildiriş ýerleşdirýär. Bizde millionlarça çözgüt tapylýar!
TmCars - bu diňe bir platforma bolman, eýsem, size satyn almak, satmak, tapmak, çözmek we paýlaşmak üçin meýdança öwrülen jemgyýetdir. Biz siziň durmuşyňyzyň we işiňiziň bir bölegi bolanymyz üçin buýsanýarys.
Täze ýylda biz TmCars-y has-da kämilleşdirmek, oňa täze mümkinçilikleri goşmak, söwdaňyzyň has hem aňsat, howpsuz we amatly bolmagyny üpjün etmek üçin elimizden gelenini ederis!

2024-nji ýylda biziň bilen bolanlygyňyz üçin size minnetdar! 2025-nji ýylda biz bilelikde has-da belent sepgitlere ýeteris!

Hormatlamak bilen,
TmCars-yň işgärleri!

Täze ýylda – täze mümkinçilikler bilen!


şu gün 00:03
741

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......