Hytaýda dünýäniň iň tiz otlusy görkezildi. Ol sagatda 450 km-e çenli ýetip bilýär

  • 31.12.2024 17:47
  • 13k+

Dünýäniň iň uly ulag infrastrukturasynyň potratçylaryndan biri bolan China National Railway Group Pekinde ýokary tizlikli CR450 elektrik otlusyny hödürledi.

Otly sagatda 450 km tizlik bilen synagdan geçirildi we bu ony dünýäde iň tiz otly etdi. Ulagyň kreýser tizligi sagatda 400 km.
Işläp düzüjileriň sözlerine görä, CR450-niň prototipi tizlik, energiýa sarp etmek, içerki ses we tormoz aralygy ýaly görkezijilerde öňde barýar. Tormoz aralygynyň tizlige garaşly däldigi bellärliklidir.
Öňki model bilen deňeşdirilende, otly hereketine garşylyk 22%, agramy 10% peselen, salondaky sesiň derejesi 2 dB kemeldi, salonyň özi bolsa 4% giňeldi.
CR450-iň haçan yzygiderli gatnawa başlajakdygy entek anyklanmady.

 


şu gün 11:17
1.6k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
547

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....