“Kalmar oýnunyň” täze möwsümi 93 ýurtda Netflix-iň iň meşhur serialyna öwrüldi

  • 31.12.2024 17:30
  • 7.3k+

Günorta Koreýanyň “Kalmar oýny” (“Игра в кальмара”) serialynyň ikinji möwsümi bu akym hyzmatynyň hereket edýän 93 ýurdunda Netflix-iň iň meşhur şüweleňine öwrüldi diýip, Flix Patrol portaly habar berýär.

26-njy dekabrda görkezilen gününiň ertesi, ikinji orny eýelän ýeri bolan Täze Zelandiýany hasaba almanyňda, serial 92 ýurtda öňdeligi eýeledi.
“Kalmar oýnunyň” ilkinji möwsümi 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda çykypdy we ilkinji görkezilişinden sekiz gün soň Netflix-iň sanawynda birinji orny eýeledi. Soň bolsa 106 günläp rekordy saklady.
Tankytçylar ikinji möwsümi dürli garaýyşlar bilen kabul etdiler. Synçylar täze möwsümiň has süýndirilen bolup çykandygyny we öňki möwsümine gaty meňzeýändigini bellediler. Şeýle-de bolsa, taslama kapitalistik ekspluatasiýa, synplaryň arasyndaky deňsizlik we ahlak taýdan pese düşüş ýaly, möhüm sosial meseleleri gozgamagyny dowam etdirýär.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....