Zaha Hadid Architects edarasy Hytaýda medeni we sungat merkezini taslamalaşdyrar

  • 31.12.2024 16:56
  • 5.1k+

Zaha Hadid Architects arhitektura býurosy Hytaýyň Şaosin şäherinde medeni we çeperçilik merkezini dizaýn eder. Bu barada studiýanyň web sahypasynda habar berildi.

Täze toplum 1400 orunlyk teatrdan, 500 orunlyk köpugurly zaldan, muzeýden, sanly sungat galereýasyndan hem-de bilim we konferensiýa merkezinden ybarat bolar. Merkez sahnada opera, tans we drama eserlerini goýmak, simfoniki we aýdym-saz çykyşlaryny guramak üçin dörediler.
Adaty bolmadyk arhitektura binasy Saoe derýasynyň kenarynda ýerleşer. Onuň öň tarapyny bezemek üçin, takmynan, mundan 1200 ýyl ozal Sun dinastiýasy döwründe sebitde dörän ýaşyl keramika önümleri ulanylar.

Merkeziň üçekleri sebitiň adaty arhitekturasyndan ylham alýar. Fasadyň aňyrsyna uzalyp gidýän telärler saýaly ýerleri döreder we eýwanly ýaşyl howlular şäheriň ähli ýaşaýjylary üçin açyk bolar.
Ozal Zaha Hadid Architects Özbegistandaky Alyşir Nowaýy adyndaky ylmy-barlag merkezini taslamalaşdyrmak üçin saýlanypdy. Täze Daşkendäki bu toplumda muzeý, auditoriýa we özbek dilini öwrenmek üçin mekdep bolar.


23.11.2025 00:49
4.4k+

Hytaýda häzirki zaman sungatynyň ägirt uly muzeýiniň gurluşygy tamamlanýar

Hytaýyň Suçžou şäherinde Jinji kölüniň kenarynda BIG (Bjarke Ingels Group) arhitektura býurosy tarapyndan taslanan Häzirki zaman sungat muzeýiniň gurluşygy tamamlanyp gelýär. Hypebeast neşiriniň habar bermegine görä, toplumyň umumy meýdany 60 000 inedördül metr bolar we ony 2026-njy ýylda açmak meýilleşdirilýär...

02.07.2025 11:27
7.7k+

Louis Vuitton Şanhaýda kruiz gämisiniň şekilinde dükan açdy

Şanhaýyň işewürlik merkezinde The Louis ady bilen Louis Vuitton-yň binasy açyldy. Ol kruiz gämisiniň şekilinde gurlup, şäheriň merkezi köçeleriniň biriniň gapdalynda ýerleşdi. Onuň içinde brendiň dükany, Le Café Louis Vuitton kafesi we Visionary Journeys sergi zaly bar...

07.05.2025 12:01
7.2k+

Hytaýyň Şençžen şäherinde Zaha Hadid taslamasy boýunça gurlan ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Şençžen şäherinde Zaha Hadid Architects býurosynyň taslamasy boýunça döredilen ylym we tehnologiýa muzeýi açyldy. Ol täze ylym seýilgähiniň günorta-gündogarynda ýerleşip, binagärlik merkezi bolup hyzmat edýär diýip, Designboom habar berýär...

07.03.2025 11:29
5.5k+

Iň ýokary binagärlik sylagy bolan Pritsker baýragyny hytaýly Lýu Szýakun aldy

Dünýä binagärliginde esasy sylag hasaplanýan Pritsker baýragyna şu ýyl hytaýly 69 ýaşly Lýu Szýakun mynasyp boldy. Bu barada baýragyň resmi web sahypasynda habar berildi. Szýakunyň ýolbaşçylyk edýän «Jiakun Architects»...