Zaha Hadid býurosy Daşkentde milli äheňleri we futurizmi özünde jemlejek özboluşly ylmy merkez gurar

  • 24.10.2024 10:58
  • 5.6k+

Asly yrakly meşhur iňlis arhitektory Zaha Hadidiň binagärlik býurosy Özbegistanyň paýtagtynda guruljak Halkara ylmy-barlag merkezi üçin taslama hödürledi. Merkez Täze Daşkent etrabynda ýerleşip, şäheriň ösüş meýilnamasynyň bir bölegine öwrüler diýip, ArchDaily neşiri ýazýar.

Binanyň meýdany 23 000 inedördül metr bolar we binanyň özi Alyşir Nowaýynyň adyny göterer. Merkezde gözleg meýdançalary, Döwlet edebiýat muzeýi, 400 orunlyk mekdep we leksiýa geçilýän ýer ýerleşer.
Binanyň arhitekturasy Özbegistanyň däp bolan äheňlerine mahsus çyzyklary we häzirki zaman futuristik çözgütleri utgaşdyrar. Bu garyşyk usul 1980-nji ýylda öz binagärlik býurosyny esaslandyran Zaha Hadidiň (1950-2016) taslamalarynyň aglabasyna mahsusdyr.

Bu futuristik binany özboluşly edýän zat gadymy sowadyş tehnologiýalarynyň ulanylmagydyr, ýagny bina köp ýyllaryň dowamynda bu sebitleriň ýaşaýjylarynyň öýlerinde howa aýlanyşygyny we sowadyşyny üpjün edýän badgirleriň - adaty ýel tutujy diňleriň gurluşyny ýada salýan  “ýel tutýan” ulgam bilen üpjün ediler. Orta Aziýada we Ýakyn Gündogarda orta asyr binagärleri şuňa meňzeş tehnologiýa ýüzlenipdirler.

“Merkeziň ýük göteriji diregleri Merkezi Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň halk arhitekturasynyň ýel diňlerinden ylham alýar. Olar ýeli tutup, sowadyjy howany binanyň içine gönükdirýärler. Iň yssy aýlarda ýelpewaçlar we desganyň içine aýlanmazdan ozal, howa suw pürküji ulgam bilen olaryň üsti ýetiriler "- diýip, Zaha Hadid Architects binagärlik edarasynyň habarynda aýdylýar.

Mundan başga-da, badgiriň ýelsiz howada-da öz wezipesini ýerine ýetirýändigini bellemelidiris: olarda üýtgäp durýan temperatura emele gelýär - has ýeňil howa minaranyň ýokarky bölegindäki deşiklerden daşyna çykýar we birneme sowuk howa badgire aşakdan çekilip, otaglara ýaýrap ugraýar.
Taslama gündiziň ýagtylygy düşer ýaly gözaralary öz içine alýar, şol bir wagtda öňe çykyp duran karnizler fasadlary we otaglary tomsuň yssysyndan gorar. Gyşda bolsa Gün şöhleleri içerik düşüp, içerini birneme ýyladar.
Arhitektorlar bu çäreler işlemek we öwrenmek üçin amatly şertleri döreder diýip umyt edýärler, ýöne gurluşygyň başlanjak we tamamlanjak senesi entek yglan edilmedi.


düýn 13:03
2.9k+

Aýdym-sazmy ýa dym-dyrslyk: alymlar talyplaryň näme üçin okuw wagty saz açyp goýýandyklaryny anykladylar

Okuw kitaplaryny gapdaldan goýberilen sazlaryň owazynda okamak endigi ünsüň ýa-da ýadyň aýratynlyklary bilen däl-de, adamyň mukamlara bolan emosional garaşlylygyň derejesi bilen baglanyşyklydyr....

düýn 11:43
3.1k+

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....

01.06.2026 16:53
2.5k+

Alymlar matanyň 44%-iniň heniz köýnekçeler öndürilýän wagtynda ýitýändigini anykladylar

Alymlar standart 110 gramlyk pagtadan köýnekçäniň çig mal görnüşinden başlap, utilizasiýa edilýänçä tutuş ömür siklini yzarladylar. Hasaplamalara görä, şeýle köýnekçäniň birini öndürmek üçin 197 gram pagta......

01.06.2026 00:04
6.3k+

Ahalteke atlarynyň endamy nädip lowurdaýar? Türkmen alymlary muny öwrendi

Türkmen biotehnologlary ahalteke atlarynyň tüýüne mahsus bolan lowurdynyň esasynda ýatan biohimiki mehanizmleri anyklady we oňa barlaghana şertlerinde obýektiw baha bermegiň täze usulyny işläp taýýarlady. Bu......