"Betmen 2-niň" çykjak senesi 2027-nji ýylyň oktýabryna süýşürildi

  • 31.12.2024 16:43
  • 2k+

Warner Bros. studiýasy Mett Riwziň “Betmen 2” filminiň ilkinji görkeziljek senesini 2026-njy ýylyň 2-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 1-nji oktýabryna geçirdi. Meýilnamanyň üýtgemeginiň sebäbi - edebi esasyň ýazylyp gutarylmandygy bilen baglanyşykly.

Yza süýşürilmeginiň ýene bir sebäbi Alehandro G. Inýarritu bilen Tom Kruzyň baýrak gowşurylyş möwsümine düşýän, 2026-njy ýylda çykjak täze filmi bilen baglanyşykly. Entek at goýulmadyk filmde “dünýäniň iň güýçli adamy” barada gürrüň berler we 2026-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda prokata çykar.
Üýtgeşmeler studiýanyň beýleki taslamalaryna-da täsir etdi. Raýan Kugleriň “Günäkärleri” 18-nji aprele geçirildi, Robert Pattinsonyň baş keşbi janlandyrmagynda Pon Çžun Ho-nyň “Mikki 17” filmi bolsa 2026-njy ýylyň 7-nji martynda çykar.
Ilkinji “Betmen” 2022-nji ýylda çykaryldy we dünýäde 770 million dollardan gowrak girdeji gazandy.


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....