"Nature" žurnaly 2024-nji ýylyň iň gowy ylmy suratlaryny görkezdi

  • 31.12.2024 16:39
  • 4.8k+

Meşhur "Nature" ylmy žurnaly sungat we ylmy gymmaty üçin saýlanan 2024-nji ýylyň iň gowy suratlarynyň sanawyny neşir etdi.  Sanawda astronomiýa, zoologiýa, wulkanologiýa we mikrobiologiýa ýaly ugurlara degişli täsin suratlar bar.
Suratlar tebigatda, kosmosda we mikrodünýäde gazanylan üstünlikleri görkezýär.


Gadymy arhozawryň skeleti. 237 million ýyl ozal ýaşan Prestosuchus chiniquensis-iň skeletiniň suraty (© Diego Vara/ Reuters).


Keniýadaky geçigaplaňlar. Masai-Mara goraghanasyndaky güýçli ýagyndan soň derýadan geçip barýan geçigaplaňlar (© Buddhilini de Soýza / BigPicture Competition).


Waşingtonda Gün tutulmasy. Waşington ýadygärliginiň üstünden surata alnan Gün tutulmasy (© Çip Somodewilla / Getty Images).


Gaýalara dyrmaşýan gornostaý. Mustela erminea-nyň suraty (© Larri Teýlor / Wildlife photographer of the Year).


Läheňleriň gonamçylygy. Grenlandiýanyň kenaryndaky ummanyň düýbünde kitleriň süňkleriniň suraty (© Aleks Dawson / UPY 2024).


"Ýunonadan" Ýupupiter. Ýupiterdäki siklonlar we antiklonlar NASA-nyň “Ýunona” kosmiki apparady tarapyndan surata düşürildi (© NASA/ Gary Eason, CC BY).



Pyşbaganyň üstündäki çarlak. Ortaýer deňzinde düşürilen özboluşly surat (© Enric Gener/ Ocean Photographer of the Year 2024).


Meteor akymy. Angliýada bolan astronomiki hadysa (© Josh Drury).


Millionlap kebelek. Meksikanyň tokaýynda kebelekleriň millionlarça Danaus plexippus görnüşi bilen örtülen agaç şahalary (© Jaime Rojo/ BigPicture Competition).


Mikrodünýä. Rhynchophorus (© Sherif Abdallah Ahmed/ Nikon Small World).


Etnanyň wulkaniki tüssesiniň halkalary. Halkalar tüsseden däl-de, kondensirlenen gazlardan, esasan, suw buglaryndan durýar (© Fabrizio Villa/ Getty Images).


Bakteriofaglar. MakMaster uniwersitetiniň gözlegçileri güle meňzeş bakteriofaglaryň gurluşyny surata düşürdiler (© McMaster University).

Bu suratlar diňe bir ylmy gymmatlygy däl, eýsem estetiki kämilligi hem ozünde jemleýärler.

şu gün 10:00
1.5k+

Germaniýada ilat köpçülikleýin Gün panellerinden ýüz öwrüp, kollektorlara geçýär

Germaniýada suwy gyzdyrmak we jaýlary ýylatmak üçin niýetlenen Gün kollektorlaryna bolan isleg barha artýar. Hünärmenleriň çykaran netijelerine görä, bu enjamlaryň Gün energiýasyny ýylylyga öwürmekdäki......

şu gün 00:07
3.1k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

şu gün 00:03
2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
4.4k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......