WhatCar hünärmenleri ulanylan iň ygtybarly awtomobilleriň ilkinji onlugyny atlandyrdylar

  • 31.12.2024 09:39
  • 6.3k+

WhatCar neşiri ulanylan iň ygtybarly awtomobilleriň sanawyny hödürledi. Reýting tas 30 müň awtoulag eýesinden pikir soraşmalaryň esasynda düzüldi.

Sanawda birinji orny öz eýelerini seýrek kyn ýagdaýa düşürýän ykjam Audi A3 sedany eýeledi. Pikir soraşmalara görä, Audi A3-üň ýekeje eýesi-de haýsydyr bir näsazlyklar ýa-da awtomobiliň döwülmegi bilen ýüze-ýüz bolmandyr. Neşir modeliň benzin görnüşlerinden 1,5 litrlik 148 at güýji bolan hereketlendirijili wersiýasyna, dizel hereketlendirijileriň tarapdarlaryna bolsa 148 at güýji bolan 2,0 litrlik dizel hereketlendirijili wersiýasyna üns bermegi maslahat berýär.
Ikinji orunda dizel hereketlendirijisi bolan Kia Sportage koreý krossoweri ýerleşdi. Gohly hereketlendirijisine we esasy komplektasiýada döwrebap funksiýalaryň birnäçesiniň ýokdugyna garamazdan, awtomobil eýeleri ony giň salony we tygşytlylygy üçin saýlaýarlar.
Üçünji orny 99,6% ygtybarlylyk görkezijisi bilen öňki nesil Lexus NX ýapon krossoweri eýeledi. Awtomobil eýeleriniň diňe 2%-i näsazlyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy.
Şeýle-de, bäşlige 99,1% ygtybarlylyk görkezijisi bilen Mercedes-Benz SL we tygşytlylyk hem-de premium komplektasiýa bilen tapawutlanýan ykjam gibrid hetçbegi Lexus CT girdi.
Galan bäş model şeýle yzygiderlilikde ýerleşdi: Lexus RX (2009-2016), Honda Civic (benzin wersiýasy), Lexus RX (2016-2022), Mazda CX-5 we Toyota Auris.


07.06.2026 19:49
3.1k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

01.06.2026 09:51
2.8k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....