Arheologlar Gadymy Müsüriň aramgählerinde şahlary üýtgedilen goçlary tapdylar

  • 30.12.2024 22:57
  • 6.7k+

Arheologlar Gadymy Müsüriň baý aramgählerinde diri wagty şahlary üýtgedilen goçlaryň kelle süňklerini tapdylar. Bu haýwanlar oba hojalygynda ulanylmandyr we han-beglere olaryň hökümini görkezmek üçin hyzmat edipdir diýip, Phys.org ýazýar.

Diri wagty şahlary üýtgedilen alty goçuň kelleçanagy Ierakonpolis nekropolynda (takmynan, b.e.öň 3700-nji ýyl) tapyldy. Bu ownuk şahly malyň ilkinji şeýle subutnamasy diýlip, Archaeological Science žurnalynda neşir edilen ylmy gözlegde aýdylýar.

“Bu goçlary we geçileri öz içine alýan ownuk öý mallarynyň şahlarynyň üýtgedilmeginiň iň irki hakyky subutnamasydyr. Şeýle tejribe öküzler we gäwmişler bilen baglylykda hem ulanylypdyr, ýöne muny diňe gaýalardaky suratlar delillendirýär” – diýip, ylmy gözlegiň awtorlarynyň biri, doktor Wim wan Nir belleýär.

Şahlaryň şekili hirurgik operasiýalaryň netijesinde üýtgedilipdir. Şahyň özenindäki süňki döwüpdirler, şondan soň şahy birnäçe hepde täze ýagdaýda berkidipdirler. Kelleçanaklaryň seljermesi üýtgedilen ýerlerde daňylmalaryň yzyny we süňkleriň inçelmegini görkezdi.
Alymlar goçlaryň biçilendigini, munuň bolsa olary fiziki taýdan gowşak, ýöne has göwrümli edendigini anykladylar. Haýwanlar 6-8 ýyla çenli ýaşapdyr, bu goçlaryň köpüsiniň üç ýaşamanka soýulýandygyny göz öňünde tutsaň, täsindir.

“Üýtgedilen şahly goçlar hökmürowanlygyň nyşany bolup, dolandyryjy elitanyň tebigaty gözegçilikde saklap bilmegini görkezipdir. Bu aramgähde jaýlanan hökümdarlar we köşk adamlary diňe bir ýabany we ekzotiki haýwanlaryň däl, eýsem öý haýwanlaryň üstünden doly agalygy görkezmek islän bolsalar gerek” – diýip, doktor Wan Nir düşündirdi.

Şahlary üýtgetmek tejribesi addaksa (Addax nasomaculatus) – ýaşaýşyň täzelenmegini we tertibiň bulam-bujarlygy ýeňmegini alamatlandyrýan dik burum-burum şahly çöl keýigine çokunmak bilen baglanyşykly bolup biler.
Ierakonpolisde gazuw-agtaryş işleri dowam edýär. Alymlar şeýle tejribäniň has iri şahly mallara we geçilere degişlilikde ulanylandygyny ýa-da ýokdugyny öwrenmegi meýilleşdirýär. “Biz beýleki aramgählerde şahlaryň üýtgedilmeginiň täze mysallaryny gözläris” – diýip, Wan Nir belledi.


düýn 11:37
3.5k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

düýn 11:21
2.5k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

düýn 10:36
1.5k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

16.06.2026 23:05
2.3k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......