Arheologlar Gadymy Müsüriň aramgählerinde şahlary üýtgedilen goçlary tapdylar

  • 30.12.2024 22:57
  • 5.6k+

Arheologlar Gadymy Müsüriň baý aramgählerinde diri wagty şahlary üýtgedilen goçlaryň kelle süňklerini tapdylar. Bu haýwanlar oba hojalygynda ulanylmandyr we han-beglere olaryň hökümini görkezmek üçin hyzmat edipdir diýip, Phys.org ýazýar.

Diri wagty şahlary üýtgedilen alty goçuň kelleçanagy Ierakonpolis nekropolynda (takmynan, b.e.öň 3700-nji ýyl) tapyldy. Bu ownuk şahly malyň ilkinji şeýle subutnamasy diýlip, Archaeological Science žurnalynda neşir edilen ylmy gözlegde aýdylýar.

“Bu goçlary we geçileri öz içine alýan ownuk öý mallarynyň şahlarynyň üýtgedilmeginiň iň irki hakyky subutnamasydyr. Şeýle tejribe öküzler we gäwmişler bilen baglylykda hem ulanylypdyr, ýöne muny diňe gaýalardaky suratlar delillendirýär” – diýip, ylmy gözlegiň awtorlarynyň biri, doktor Wim wan Nir belleýär.

Şahlaryň şekili hirurgik operasiýalaryň netijesinde üýtgedilipdir. Şahyň özenindäki süňki döwüpdirler, şondan soň şahy birnäçe hepde täze ýagdaýda berkidipdirler. Kelleçanaklaryň seljermesi üýtgedilen ýerlerde daňylmalaryň yzyny we süňkleriň inçelmegini görkezdi.
Alymlar goçlaryň biçilendigini, munuň bolsa olary fiziki taýdan gowşak, ýöne has göwrümli edendigini anykladylar. Haýwanlar 6-8 ýyla çenli ýaşapdyr, bu goçlaryň köpüsiniň üç ýaşamanka soýulýandygyny göz öňünde tutsaň, täsindir.

“Üýtgedilen şahly goçlar hökmürowanlygyň nyşany bolup, dolandyryjy elitanyň tebigaty gözegçilikde saklap bilmegini görkezipdir. Bu aramgähde jaýlanan hökümdarlar we köşk adamlary diňe bir ýabany we ekzotiki haýwanlaryň däl, eýsem öý haýwanlaryň üstünden doly agalygy görkezmek islän bolsalar gerek” – diýip, doktor Wan Nir düşündirdi.

Şahlary üýtgetmek tejribesi addaksa (Addax nasomaculatus) – ýaşaýşyň täzelenmegini we tertibiň bulam-bujarlygy ýeňmegini alamatlandyrýan dik burum-burum şahly çöl keýigine çokunmak bilen baglanyşykly bolup biler.
Ierakonpolisde gazuw-agtaryş işleri dowam edýär. Alymlar şeýle tejribäniň has iri şahly mallara we geçilere degişlilikde ulanylandygyny ýa-da ýokdugyny öwrenmegi meýilleşdirýär. “Biz beýleki aramgählerde şahlaryň üýtgedilmeginiň täze mysallaryny gözläris” – diýip, Wan Nir belledi.


29.12.2024 16:20
7.6k+

Pompeýde reňkli suratlar bilen bezelen sütünli zal tapyldy: diwarlarda näme şekillendirilipdir?

Italiýaly arheologlar Pompeýde gadymy rimlileriň gündelik durmuşynyň syrlaryny açmagy dowam etdirýär. B.e. 79-njy ýylynda Wezuwiniň atylmagy netijesinde gömlen şäheriň baý öýleriniň birinde hünärmenler sütünli...

28.12.2024 16:53
8.7k+

Iň gadymy mawy gözli adamyň galyndylary tapyldy. Ol 17 müň ýyl ozal ýaşapdyr, ýöne ömri gysga bolupdyr

Alymlar mundan 17 müň ýyl ozal ýaşap geçen iň gadymy mawy gözli adamyň galyndylaryny tapdylar. Ol ýürek ýetmezçiligi bolan çaga bolup çykdy diýip, Nature Communications žurnalyna salgylanýan ScienceAlert portaly...

26.12.2024 07:32
10k+

“Demir adam” ysmaz keselli adamlar üçin hakyky kostýumyň işlenip taýýarlanmagyna  ylham berdi

Günorta koreýaly alymlar ysmaz bolan adamlara hereket etmäge kömek edýän, ýeňil geýilýän WalkON Suit F1 robotyny öndürdiler diýip,  Reuters  habar berýär. Işläp düzüjileriň biri Kim Syn Hwanyň özi paraplegiýadan...

25.12.2024 11:43
12k+

Alymlar adam bedeninde ýaşaýşyň täze görnüşlerini tapdylar. Olara "obelisk" diýilýär

Alymlar adam bedeninde öň belli bolmadyk, wirusa meňzeş, “obeliskler” diýip atlandyrylan organizmleriň bardygyny ýüze çykardylar. Olar dünýäniň ilatynyň ýarysynyň agyz boşlugynda we içegelerinde ýaşaýarlar, ýöne...