Gazabyna tutan totuguş: "Guş fotosuratçysy 2024" bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

  • 26.12.2024 17:20
  • 15k+

Ýabany tebigatyň fotosuratçylarynyň halkara jemgyýetiniň (Society of the International Nature and Wildlife Photographers, SINWP) "Guş fotosuratçysy 2024" bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi.

Birinji orny zemzene hüjüm edýän totuguşuň suraty aldy. Bu surat Hindistanyň Rajistan ştatynda alyndy. Fotosuratçy Hira Panjabi bu pursaty 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Bharatpurdaky Keoladeo milli seýilgähinde surata düşürdi.

“Guşlaryň olaryň ýumurtgalary bilen iýmitlenýän ýylanlara we zemzenlere hüjüm edişini synladym. Men bu ýerlere soňky 30 ýylyň dowamynda ýygy-ýygydan gelýän. Bir gün uzyn guýrukly totuguş jübüti we 10-12 sany beýleki guşlar bilelikde zemzene hüjüm edip başladylar. Bu ýagdaý bir sagada golaý dowam etdi"-diýip, ol aýtdy.


Ikinji orny şotlandiýaly käkiligiň suraty eýeledi. Tomas Makdonnell.


Üçünji orunda Finlýandiýada surata düşürilen uly çal baýguş durýar. Meggi Bullok.

Bäsleşigiň finalçylary:


"Sula" /© Anne Jeffery


Uçuşdaky "Gypaetus barbatus" /© Arne Biwrin


“Ussat balykçy” /© Bet Uoker


Tupik /© Bewerli Teýn


"Işli" alatogan /© Janpýero Ferrari


Suwuň üstüne abanýan Tukan /© Hira Panjabi


“Golliwud partlamasy” /© Luiza Linç

Bu bäsleşik guşlary we beýleki ýabany haýwanlary gorap saklamaga ýöriteleşen iňlis haýyr-sahawat guramasy bolan Guşlary goramak boýunça Patyşalyk jemgyýetine (RSPB) serişdeleri toplamak üçin geçirilýär.

şu gün 19:49
3

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

şu gün 19:40
70

Çagalarda uky ýetmezçiligi bilen ýetginjeklik döwründäki depressiýanyň arasynda baglanyşyk tapyldy

Birmingem uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlagy çagalykdaky uky ýetmezçiliginiň ýetginjeklik we ýaşlyk döwründe depressiýanyň ösüş töwekgelçiligini iki esse artdyryp biljekdigini görkezdi. Bu barada......

şu gün 19:38
36

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

şu gün 19:36
202

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......