Saud Arabystany Neom megapolisiniň gurluşygynda robotlary ulanar

  • 24.12.2024 17:02
  • 16k+

Saud Arabystany Ýewropanyň GMT Robotics kompaniýasy bilen Neom futuristik megataslamada robot tehnikasyny ulanmak üçin şertnama baglaşdy. Şeýtmek bilen, Patyşalygyň hökümeti taslamany durmuşa geçmegi çaltlaşdyrmak we çykdajylaryny azaltmak isleýär diýip, New Atlas habar berýär.

Saud Arabystany öz ykdysadyýetini syýahatçylyga gönükdirmek üçin çöl landşaftyny işjeň ýagdaýda özgerdýär. Sebäbi häzirki wagtda ýurt esasan nebite köp bil baglaýar. Ýakyn ýyllarda gazylyp alynýan baýlygyň ulanylyşynyň azalmagyna garaşylýar, şonuň üçin hökümet täze girdeji çeşmelerini gözleýärler, syýahatçylyk bu babatda geljegi uly ugurdyr.
Neom taslamasy Line megapolisiniň, Epicon ekiztaý gökdirän binalarynyň we şular bilen bagly infrastrukturanyň gurluşygyny öz içine alýar. Şeýle uly göwrümli taslamany durmuşa geçirmek ep-esli serişdäni we işçi güýjüni talap edýär, emma  prosesi awtomatlaşdyrmak çykdajylary azaldar. Şonuň üçin Neom-yň Maýa goýum gaznasy (NIF) ünsi awtomatlaşdyrmaga gönükdirjek GMT Robotics-e maýa goýmak kararyna geldi. Robotlaryň görnüşleri barada entek anyk bir zat aýdylmady, ýöne esasy üns armatur önümçiligine gönükdirilendir, sebäbi Neom taslamasy global polat üpjünçiliginiň 20% -ini tutýar.
Neom eýýäm beton önümçiligine maýa goýdy we 2034-nji ýylda Saud Arabystanynda futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hukugynyň alynmagy bolsa gurluşygy çaltlaşdyrmaga goşmaça itergi berýär.


31.01.2026 08:52
2.3k+

Haýsy döwlet ylmy-barlaglar üçin köp çykdajy edýär? 25 ýylyň infografikasy

Soňky ýigrimi ýylyň dowamynda ylmy-barlag we tejribe-gurnamaçylyk işlerine (NIOKR /R&D) gönükdirilýän global çykdajylar ep-esli artdy. 2000-nji ýylda bu görkeziji 1 trillion dollardan hem az bolan bolsa, 2024-nji ýyla çenli 3 trillion dollara golaýlady...

26.01.2026 16:17
8k+

Heopsyň Beýik piramidasynyň gurluşygy hakda geň çaklama öňe sürüldi

Nature žurnalynda çap edilen täze ylmy iş taryhçylaryň Gizadaky Heopsyň Beýik piramidasynyň gurluşygy baradaky garaýyşlaryna täzeden seretmegine sebäp bolup biler. Gözleglerden gelip çykýan netijelere görä, bu ägirt desga gurlan wagtynda diňe bir daşky eňňitler däl, eýsem gurluşyň içinde gizlenen içki agramlyklar we bloklar ulgamy hem ulanylan bolmagy ähtimal...

10.11.2025 13:02
6.9k+

Hytaý şäherlerinde geljek üç ýylda “uçýan awtomobiller” peýda bolar

Dik uçuş we gonuş bilen elektrik uçýan taksileri işläp düzüji EHang hytaý kompaniýasy geljek üç ýylyň dowamynda uly howa menzillerinden şäherlere täjirçilik sürüjisiz gatnawlary ýola goýmagy meýilleşdirýär diýip, Financial Times habar berýär...

06.10.2025 10:44
6.1k+

Nafud çölünde gadymy "ýol belgileri" tapyldy. Olar adamlara suw gözlemekde çelgi bolupdyr

Saud Arabystanynyň demirgazygyndaky Nafud çölünde tapylan haýwanlaryň ägirt uly gaýa suratlarynyň gadymy adamlar üçin “ýol belgisi” bolandygy anyklandy. Gadymy döwürde  bu suratlar suw çeşmelerine barýan ýoly görkezipdir diýip, Nature Communications žurnalynda çap edilen barlagyň netijesinde aýdylýar...