Mercedes we Audi üçin nyşanlary öndürýän kompaniýa tozdy

  • 29.12.2024 16:48
  • 19k+

1796-njy ýylda döredilen Gerhardi Kunststofftechnik GmbH kompaniýasy maliýe kynçylyklary sebäpli öz işini bes etdi. Kompaniýa tozandygyny habar berdi we bu waka, takmynan, 15 müň işgäre täsir eder diýip, Bloomberg belleýär.

Kompaniýa öňdebaryjy nemes awtoöndürijileri üçin hrom elementlerini, şol sanda Mercedes-Benz üçin firma nyşanlaryny, Audi üçin dört halkaly radiator gözeneklerini, şeýle-de BMW üçin kuzow bezeg elementlerini öndürýärdi. Soňky ýyllar ol çykdajylaryň artmagy we öz önümlerine bolan islegiň pese gaçmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy.
Gerhardi Kunststofftechnik awtoulag pudagynda üýtgeşmeleriň bolýan şertlerinde kynçylyk çekýän uly bolmadyk köp sanly öndürijileriň biridir. Onuň tozmagynyň esasy sebäbi önümçilik möçberiniň azalmagy we elektromobillere geçilmegi sebäpli Ýewropanyň awtomobil senagatynda ýagdaýyň ýaramazlaşmagy boldy. 2024-nji ýylda Ýewropanyň awtozawodlary elektrokarlaryň önümçiligi üçin döwrebaplaşyp başlady, ýöne täze modellere bolan isleg peseldi.
Ýene bir şert hytaýly awtoöndürijiler tarapyndan bäsdeşligiň güýçlenmegi boldy.


düýn 09:56
2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

20.06.2026 12:20
4.3k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......