Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ilkinji bäbegi dünýä indi

  • 02.01.2025 14:52
  • 30k+

2025-nji ýylda ilkinji çaga Arkadag şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde dünýä indi. Ata-enesi oglanjyga Parahat diýip at goýdular. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň ilkinji minutlarynda Arkadag şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylary — öý hojalykçy Orazjahan hem-de mekdep mugallymy Ýazmergen Atageldiýewleriň maşgalasynda dünýä inen çaga olaryň ikinji ogul perzendi. Olara Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň iberen sowgatlary gowşurylyp, gutlag sözleri, iň gowy arzuwlary aýdyldy. Bu waka bagtyýar ene-atanyň ýürek buýsanjyny, şatlygyny has-da artdyrdy.
Çaganyň agramy 4100 gram, boýy bolsa 54 santimetr. Bäbejige we onuň ejesine lukmanlardyr şepagat uýalary tarapyndan ähli degişli gözegçilik işleri öz wagtynda geçirilýär diýlip, habarda bellenilýär.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
6.1k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8.2k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4.2k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......