Alymlar adam bedeninde ýaşaýşyň täze görnüşlerini tapdylar. Olara "obelisk" diýilýär

  • 25.12.2024 11:43
  • 13k+

Alymlar adam bedeninde öň belli bolmadyk, wirusa meňzeş, “obeliskler” diýip atlandyrylan organizmleriň bardygyny ýüze çykardylar. Olar dünýäniň ilatynyň ýarysynyň agyz boşlugynda we içegelerinde ýaşaýarlar, ýöne olaryň bedende nähili  wezipäni ýerine ýetirýändigi näbelliligine galýar.

Bu ownuk tegelek RNK molekulalary bakteriýalary kolonizasiýa edýär we adam bedeninde bir ýyl töweregi ýaşaýar.
Alymlar “obeliskleriň”, wiruslaryň öz hojaýynlaryna ýokuşyşy ýaly, öz bakteriýa öýjüklerini ulanyp köpelýändigini anykladylar. Mysal üçin, “obeliskleriň” belli bir görnüşi dişiň sarysynda duş gelýän Streptococcus sanguinis bakteriýasy bilen baglanyşyklydyr.
"Obeliskleriň" funksiýalary näbelli bolmagynda galsa-da, barlagçylar olaryň parazit bolubam, bitarap ýa-da peýdaly organizm bolubam biljekdigini çaklaýarlar.
Olaryň genomynda hünärmenler üçin aýratyn gyzyklanma döredýän, gurluşy boýunça özboluşly obulin belogy bar.
“Obeliskleriň” tapylmagy alymlaryň öňünde bu organizmleriň biodürlülikdäki orny we adamyň saglygyna edýän täsiri baradaky täze sowallary goýýar. Olaryň tebigatyna we ýaýramagyna düşünmek üçin goşmaça barlaglaryň geçirilmegi  zerurdyr.
Alymlar bu açyşy Cell žurnalynda beýan etdiler.


22.06.2026 23:12
4.2k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

17.06.2026 11:21
3.9k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......