Tramp 80 ýaşynyň dolan güni Ak tamda UFC söweşiniň geçiriljekdigini yglan etdi

  • 06.10.2025 17:41
  • 18k+

Ak tamda UFC söweşi 2026-njy ýylyň 14-nji iýunynda geçiriler. Bu barada Ak tamyň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleriniň 250 ýyllygy mynasybetli Norfolk harby-deňiz bazasynda eden çykyşynda aýtdy. Sene ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň 80 ýaşynyň belleniljek güni bilen gabat gelýär diýip, Reuters we The Hill habar berýär.

“Geljek ýylyň 14-nji iýunynda Ak tamda, gönüden-göni Ak tamyň çäginde uly UFC söweşimiz bolar” – diýip, Tramp aýtdy.

The Hill-iň maglumatlaryna görä, UFC oktagony Ak tamyň günorta tarapyndaky baglykda gurnalar. Çäräniň çäklerinde feýerwerkler we yşyk şüweleňleri, şeýle-de Awraam Linkolnyň ýadygärliginiň ýanynda söweşijileriň agram çekiş dabarasy bolar.
UFC-niň baş direktory Dana Uaýt häzirki wagtda Ak tamda gurnaljak çäräniň nähili boljakdygy barada gepleşikleriň dowam edýändigini aýtdy we bu pikiriň heniz deslapky tapgyrdadygyny belledi diýip, Fox News habar berýär. 
Bu çärede eýýäm irlandiýaly Konor Makgregor, amerikaly Jon Jons, gruziýaly Merab Dwalişwili, ispan-gruziýaly söweşiji Iliýa Topuriýa, çeçen Hamzat Çimaýew ýaly söweşijiler çykyş etmäge gyzyklanma bildirdi. 


düýn 23:43
4.9k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.9k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......