Usman Nurmagomedow ikinji gezek Pol Hýuzdan üstün çykyp, ýeňil agramda PFL-iň titulyny aldy

  • 04.10.2025 14:04
  • 15k+

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow irlandiýaly Pol Hýuzy ýeňip, ýeňil agramda Professional Fighters League (PFL) ligasynyň çempion titulyny gazandy. Söweş Dubaýda (BAE) geçirilen söweş agşamynyň esasy wakasy boldy.

Eminler ýeňşi biragyzdan Nurmagomedowa berdi.
Bu söweşijileriň 2025-nji ýylda eýýäm ikinji duşuşygy boldy. Olaryň birinji söweşi 26-njy ýanwarda geçirildi we eminleriň çözgüdi netijesinde russiýalynyň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.
27 ýaşly Nurmagomedow – UFC-niň öňki çempiony Habib Nurmagomedowyň doganoglany. Ol ýeňilmän galýar, onuň hasabynda 20 ýeňiş bar, bir söweş hem geçirilmedik diýlip hasaplandy.
28 ýaşly Pol Hýuz professional karýerasynda üçünji ýeňlişine sezewar boldy. Onuň hasabynda 14 ýeňiş bar.
Ýatlap geçsek, şol ýaryşyň ýene bir esasy wakasynda ýarym agyr agramda bolan titul söweşinde türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow amerikaly Kori Andersondan ýeňildi.


18.06.2026 22:41
7.9k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......