Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasyndaky Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy

  • 30.12.2024 06:58
  • 12k+

28-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy.

Beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deň bolan ýurdumyzyň Baş arçasynyň töwereginde geçirilýän dabara ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan çagalar gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda göreldeli okuwçylar, ders olimpiadalarynyň, sport, döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri bar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow çagalar bilen bilelikde ajaýyp Täze ýyl arçasynyň ýanyna bardy. Bu ýerde baýramçylygyň baş gahrymanlary Aýazbaba bilen Garpamyk hem-de ýylyň müçeleriniň keşplerini janlandyrýan körpeler ýaş nesilleriň adyndan döwlet Baştutanyny Täze ýyl bilen gutladylar. Soňra ýaşajyk körpeleriň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar.
Serdar Berdimuhamedow şadyýan çagalaryň çykyşlaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdi.
Uly şatlyk-şowhunda Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmak baýramçylygyň ýatdan çykmajak pursady boldy. Luw we ýylan keşbini janlandyrýan lybaslary geýen çagalar döwlet Baştutanyndan özleri bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmagyny haýyş etdiler.
Soňra dabara gatnaşan ähli çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Serdar Berdimuhamedow çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde şu günki şatlykly wakadan ýadygärlik hökmünde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi.
Soňra döwlet Baştutany Söwda-senagat edarasynyň baýramçylyk öwüşgininde bezelen uly zalyna bardy. Bu ýerdäki baýramçylyk dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Hökümet agzalary öz çagalarydyr agtyklary bilen geldiler. Şeýle-de Täze ýyl mynasybetli guralan dabara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri öz çagalary bilen gatnaşdylar.
Döwlet Baştutany estrada aýdymçylarynyň, teatr we sirk artistleriniň, folklor, tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň, şol sanda çagalar baglarynda terbiýelenýänlerden başlap, dürli ýaşdaky zehinli çagalaryň çykyşlaryna tomaşa etdi.
“Güneş” çagalar hory, «Mukam» skripkaçylar topary, “Ruhubelent çagalar”, “Şowhun”, “Aýjan”, “Dokmaçylar”, “Galkynyş” tans toparlary sahna meýdançasynda öz döredijilik sowgatlaryny görkezdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň agtyjagy Aýjeren baýramçylyk mynasybetli goşgy aýdyp, saz çalyp, öz ukyp-başarnygyny görkezdi.
Şeýle hem birnäçe aýdymçylar, döwlet derejesindäki köp sanly bäsleşikleriň, halkara döredijilik festiwallarynyň ýeňijileri sungat ýolundaky ajaýyp eserleri bilen çykyş etdiler. Olar Täze ýyl mynasybetli dünýä halklarynyň, türkmen kompozitorlarynyň häzirki zaman aýdymlaryny, nusgawy eserleri, folklor häsiýetli horeografik çykyşlary öz içine alýan ýörite medeni maksatnamany taýýarlapdyrlar.
Täze ýyl baýramy mynasybetli dabara gatnaşan bagtyýar çagalara süýjülik torty hödürlenildi.
Döwlet Baştutany ýygnananlary ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady hem-de dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.


28.06.2026 00:03
3.5k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......