Italiýaly gündogary öwrenijiler Magtymgulynyň 130 sany goşgusyny terjime etdiler

  • 29.12.2024 16:42
  • 3.1k+

27-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň italýan dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy. Bu barada 

Çärä ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri, milli we daşary ýurt diplomatik gulluklarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.
Tanyşdyryş dabarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekow, Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Karmelo Leo, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi Kakajan Janbekow, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary çykyş  etdiler. Şeýle-de çäräniň barşynda UNINT Rim halkara barlaglar uniwersitetiniň mugallymy Iwan Melkumýanyň wideoaragatnaşyk arkaly çykyşy diňlenildi.
Söz ussadynyň 130 sany goşgusyny öz içine alan ýygyndynyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň maslahat beriş ýardamy bilen Italiýanyň gündogary öwreniji alymlary tarapyndan italýan diline terjime edilendigi nygtaldy.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň daşary ýurt dillerine terjime edilmeginiň dünýä jemgyýetçiligini şahyryň döredijiligi bilen has giňden tanyşdyrmaga, onuň gaýtalanmajak ussatlygynyň örän çuňdugyna akyl ýetirmäge, umumylykda bolsa halklaryň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. Bu ýörelgeler tutuş dünýäde parahatçylyk, ynanyşmak medeniýetini ilerletmegiň möhüm şertidir.


21.06.2026 16:13
4.7k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......