BMG-niň Baş Assambleýasy kiber jenaýatçylyk baradaky ilkinji konwensiýany tassyklady

  • 28.12.2024 17:45
  • 2.6k+

BMG-niň Baş Assambleýasy kiber jenaýatçylyk baradaky kanuny taýdan ilkinji konwensiýany kabul etdi. Bu resminama soňky 20 ýylda kiber howplara garşy göreşde ilkinji global hukuk guralyna öwrüldi diýip, guramanyň web sahypasyna salgylanýan RBC habar berýär.

BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň ýerine ýetiriji direktory Gada Waliniň sözlerine görä, şeýle şertnamanyň zerurlygy sanly gurşawda jenaýatlaryň sanynyň köpelmegi bilen baglanyşyklydyr. Bütindünýä bankynyň berýän maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylda dünýäniň ilatynyň 67,4%-i internetden peýdalanyp, hakerler üçin täze mümkinçilikler döretdi. Olar tehnologiýany maglumatlary, maliýe serişdelerini ogurlamak, şeýle hem adam we ýarag söwdasy üçin ulanýarlar.
Konwensiýa derňewleri we ekstradisiýalary çaltlaşdyrmak, jenaýatdan gelýän  girdejileri aýyrmak we serişdeleri gaýtaryp almak üçin amaly kömek torunyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Çagalary internetdäki zorluklardan goramaga aýratyn üns berilýär.
Şeýle hem bu resminama ýurtlara kiber jenaýatçylaryň pidasy bolanlaryň çeken zyýanynyň öwezini doluş we dikeldiş maksatnamalaryny işläp düzmäge borçlandyrýar.


05.06.2026 18:04
5.6k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

22.05.2026 14:19
2.1k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

27.04.2026 02:06
4.3k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

24.04.2026 16:06
1.6k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......