NASA 2024-nji ýylyň iň gowy suratlaryny paýlaşdy

  • 28.12.2024 08:44
  • 6.9k+

 

ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary gullugy (NASA) 2024-nji ýylyň dowamynda agentligiň web sahypasynda çap edilen iň oňat suratlary hödürledi.


“Güýz rapsodiýasy” - Kanadanyň paýtagty Ottawadaky Gatino kerkaw parky, HKS / © NASA-dan alnan surat


Iki kosmos teleskopy arkaly surata alnan Tarantul ýyldyzlar toplumynyň bilelikdäki şekili – “Çandra” we “Jeýms Webb” / © NASA


Gözegçilikleriň taryhynda iň güýçli tupanlaryň biri, Meksika aýlagynyň üstündäki “Milton” harasaty, HKS / © NASA


Halkara kosmos stansiýasyndan surata alnan, Günüň dogýan pursady / © NASA


“Spitser” we “Habble” teleskoplary tarapyndan surata alnan birleşýän NGC 2207 (çepde) we IC 2163 (sagda) galaktikalarynyň bilelikdäki şekili / © NASA


Aýdaho ştatynyň Malad şäheriniň golaýynda polýar şapagy asmany boýady / © NASA


Ýeriň atmosferasynyň ýagtylanyşy we ýyldyzly asman. HKS / © NASA-dan düşürilen uzyn bölek surat.


Boeing kompaniýasynyň Starliner kosmos gämisinde ýüze çykan näsazlyk sebäpli  HKS-da eglenmeli bolan astronawtlar Sunita Williams we Barri Wilmor (suratyň ortasynda), şeýle hem olaryň kärdeşleri Maýkl Barratt we Treýsi Daýson açyk kosmosa çykmazdan ozal eginleri skafandrly ýagdaýda / © NASA


Taryhda ilkinji gezek NASA-nyň uzak kosmos aragatnaşyk ulgamynyň bir bölegi bolan uzak kosmos aragatnaşygynyň Madrid toplumynda - alty radio ýygylykly antenanyň hemmesi 2024-nji ýylyň 20-nji aprelinde bir wagtyň özünde “Woýajer-1” kosmos gämisinden maglumat almak boýunça synag edildi / © NASA


Inženerler Europa Clipper zonduny uçurmaga taýýarlaýarlar / © NASA.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....