OpenAI gumanoid robotlary işläp taýýarlamagy meýilleşdirýär

  • 28.12.2024 08:20
  • 2.7k+

OpenAI gumanoid robotlaryny işläp taýýarlamak pikirine gaýdyp geldi. Kompaniýa robotlaryny intellektual meseleleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berjek neýroulgamlara birikdirmegi meýilleşdirýär diýip, The Information neşiri çeşmelere salgylanyp habar berdi.

OpenAI ozal tälim bermek üçin maglumatlaryň ýeterlik däldigi sebäpli özüniň robot tehnikasy bölüminden ýüz öwrüpdi. Şeýle-de bolsa, kompaniýa indi barlagçy  inženerler üçin boş iş orunlaryny döredip, bu ugurdaky işini täzeden ýola goýdy. Mundan başga-da, OpenAI robot bilen baglanyşykly başlangyçlary goldaýar.
Robototehnika gaýdyp gelinmeginiň sebäplerinden biri, täze o3 AI modeli döretmegiň üstünde alnyp barylýan işdir. Ol ilkinji gezek 2024-nji ýylyň dekabrynda yglan edildi. Kompaniýa neýroulgamyň adam pikirine ýakyn mümkinçilikleri görkezýändigini we öňki ösüşlerden ep-esli ýokarydygyny habar berdi.
Ozal OpenAI 12 günlük bildiriş marafonyny geçirdi, şol döwürde wideo döretmäge mümkinçilik berýän Sora neýroulgamyna hemmeler üçin açyk elýeterlilik berendigini ýatladýarys. Mundan başga-da, ulanyjylar indi ChatGPT çat-botuny ulanyp, internetde maglumat gözläp bilerler.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
974

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...