Türkmenistan saglygy goraýyş edaralaryny we welaýatlaryň onkologiýa merkezlerini bir bitewi intellektual tora birikdirer

  • 26.12.2024 17:06
  • 8.7k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara saglyk merkezleri müdiriýetinde hem-de Halkara okuw-ylmy merkezinde seljeriş-intellektual bölümi döretmek, bu merkezi öz işine ökde hünärmenler bilen üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji dekabrda sebitde iň iri Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygyna baryp görmeginiň çäklerinde belledi.

Bu saglygy goraýyş edaralaryny we welaýatlaryň onkologiýa merkezlerini bir bitewi intellektual tora birikdirmegiň wajypdygy aýdylyp, onda lukmanlaryň hemişe bökdençsiz hem netijeli iş alyp barmagy üçin üznüksiz aragatnaşygyň ýola goýulmalydygyna üns çekildi.
Aýratyn-da, Halkara okuw-ylmy merkezinde häzirki zaman ylmyndan we täzeçil tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykaryp bilýän hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, şunda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikdäki işleriň ýola goýulmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Ilkinji nobatda, keselleriň öňüni almak, olary seljermek we ýüze çykarylan keseller boýunça dürs bejeriş çärelerini kesgitlemek wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendir. Munuň özi lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň baş şertini emele getirýär.
Has anyk aýdanyňda, merkez diňe bir ýurdumyzyň saglygy goraýyş desgalary bilen däl, eýsem, dünýäniň belli halkara lukmançylyk merkezleri bilen hem hemişe göni aragatnaşykda bolmalydyr. Şunda özara pikir alyşmaga, tejribeleri paýlaşmaga, bilelikde iş alyp barmaga uly orun berilmelidir. Geljekde-de saglygy goraýyş ulgamyna döwrüň iň kämil tehnologiýalaryny hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak işleri dowam etdirilmelidir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.
Täze merkeziň işiniň ýurdumyzda onkologiýa kesellerine garşy netijeli göreşmäge gönükdirilendigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu babatda ýola goýulýan gatnaşyklaryň halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigini aýtdy. Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bu ulgamda öňdebaryjy halkara gurama bolup durýar hem-de oňyn tejribäni nazara almak bilen, bilelikdäki işleri amala aşyrýar. Munuň özi täze merkeziň işiniň talabalaýyk derejede ýola goýulmagynda möhüm şertleriň biri bolup durýar. Lukman Arkadagymyz merkeziň işi netijesinde ýüze çykýan galyndylary gaýtadan işlemek, lukmançylyk hyzmatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleriniň ähmiýeti barada aýdyp, bu ugurda işlejek lukmanlaryň häzirki zamanyň ösen tejribesini özleşdirmekleri, olaryň bu ugur boýunça dünýäniň öňdebaryjy ylmy-kliniki merkezlerinde okuwlary geçmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň demirgazyk künjeginde saglyk edaralarynyň döwrebap toplumynyň emele gelendigini, şol bir wagtyň özünde, bu ýerde iň häzirki zaman Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurulýandygyny nazara alyp, lukmanlaryň netijeli işlemeklerine we oňaýly dynç almaklaryna gönükdirilen çäreleriň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabadyň bu künjeginde lukmanlar, olaryň maşgalalary üçin niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, umumybilim berýän orta mekdebiň, çagalar baglarynyň, şäher saglyk öýüniň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi hem-de degişli ýolbaşçylara bu babatdaky meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk ukybyny we baý tejribesini nazarda tutup, Türkmenistanyň Prezidentiniň N.Amannepesowa örän uly jogapkärçiligiň ynanylýandygy barada aýdanlaryny ýatlady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygyny, onuň binalarynyň enjamlaşdyrylyşyny degişli derejede amala aşyrmak boýunça kesgitlenen wezipeleriň ähmiýetine ünsi çekdi we N.Amannepesowa bu ugurda bar bolan meseleleri talabalaýyk çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.


20.06.2026 12:08
7.4k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......