Dünýäniň iň iri 20 ykdysadyýeti belli boldy

  • 26.12.2024 16:07
  • 6.5k+

Visualcapitalist portalynyň hünärmenleri sarp edijilik ukybynyň barabarlygyna görä düzedilen jemi içerki önüm boýunça (JIÖ) dünýäniň iň iri 20 ykdysadyýetiniň reýtingini hödürlediler. Infografika düzülende awtorlar Halkara pul gaznasynyň 2024-nji ýylyň ahyryna çenli maglumatlaryna esaslandylar.

2014-nji ýyldan bäri sarp edijilik ukybynyň barabarlygy üçin düzedişler bilen önümçiligiň göwrümi boýunça iň iri ykdysadyýet ornuny Hytaý saklaýar.
Ikinji orunda Hytaýdan dört trillion dollar yza galýan ABŞ ýerleşýär. Üçünji orny Hindistan eýeleýär, ýurduň JIÖ-ni sarp edijilik ukybynyň barabarlygyny göz öňünde tutmak bilen nominaldan dört esse diýen ýaly ýokarydyr. Öňdebaryjylaryň bäşligine Russiýa we Ýaponiýa hem girýär.
Sarp edijilik ukybynyň barabarlygy ýurtlaryň arasyndaky bahalaryň tapawudyny göz öňünde tutýan çalşylýan hümmeti ulanyp, ýurduň jemi içerki önümini umumy walýuta öwürmek ýoly bilen hasaplanýar. Bu ähli ýurtlarda şol bir haryt we hyzmat sebediniň birmeňzeş bahasyny üpjün edip, hakyky ykdysady önümçiligi görkezmäge mümkinçilik berýär. Bu usulyň artykmaçlygy çykdajylary girdejisi ýokary ýurtlardan pes bolan pes we orta girdejili ykdysadyýetleriň degişli güýjüni hasaplamakda jemlenýär. Şu sebäbe görä, Hindistanyň sarp edijilik ukybynyň barabarlygyna görä düzedilen JIÖ-ni nominaldan ep-esli ýokarydyr.


düýn 11:05
3.6k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 08:04
7k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.6k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......