Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy

  • 26.12.2024 08:48
  • 8.5k+

25-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda Russiýa Federasiýasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy.

Günüň ikinji ýarymynda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Igora” gyşky sport oýunlary toplumynyň Buzly köşgüne bardy. Buzly köşgüň eýwanynda Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin garşylady. Soňra Olimpiýa zalynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçirildi.
RF-niň Prezidenti Wladimir Putin ýokary derejedäki duşuşygy açyp, daşary ýurtly kärdeşlerini ýene-de bir gezek mähirli mübärekledi hem-de resmi däl sammite gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi.
Sammitiň dowamynda şu ýyl Arkalaşygyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de geljek üçin wezipeler kesgitlenildi. Ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn görkezijileri kanagatlanma bilen bellenildi. Şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Arkalaşygyň ýurtlarynyň hoşmeýilli erke, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydyklary nygtaldy.
Prezident Wladimir Putin GDA-nyň döwlet Baştutanlaryny geljek ýyl Moskwada şanly sene — Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.
Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti şu mümkinçilikden peýdalanyp, GDA agza ýurtlaryň ähli raýatlaryna ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň adyndan resmi däl günortanlyk nahary berildi.
Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow “Pulkowo” Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar.


şu gün 08:13
142

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

şu gün 08:05
262

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

düýn 22:09
909

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
577

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......