Toyota 2025-nji model ýylynyň Alphard we Vellfire ulaglaryny görkezdi

  • 26.12.2024 07:52
  • 10k+

Kompaniýa 2025-nji ýylyň Alphard we Vellfire modellerini yglan etdi, olarda maşgalanyň taryhynda ilkinji bolup zarýad berilýän gibrid elektrik gurluşly wersiýalar peýda boldy. Ol 2,5 litrlik içinden ýandyrylýan hereketlendirijiden we yzky tekerler üçin birini goşmak bilen, birnäçe elektrik hereketlendirijisinden ybarat. Jemi kuwwaty 306 at güýjüne ýetýär.

Gibrid görnüşleri elektrik energiýasy bilen 78 kilometre çenli ýol geçmäge mümkinçilik berýän litiý-ion batareýasy bilen enjamlaşdyrylandyr. 80% -e çenli çalt zarýad bermek 38 minut wagt alýar. Şeýle modelleriň esasy artykmaçlygy akustiki rahatlykdyr, sebäbi syýahatlaryň köpüsi içinden otlanýan hereketlendirijini ulanmazdan amala aşyrylyp bilner.
Şeýle hem, modeller gowulaşan ses izolýasiýasyny aldylar. Goşmaça funksiýalaryň içinde gibridlere gapdaldan tok sarp edijilere  hem-de kondisioneri we media ulgamy çekiş batareýasynda işleýän My Room režimine birikdirmek ukybyny öz içine alýar. Mysal üçin, ony garaşýan wagtyňyzda, ýagny awtoulag duralgasynda ýa-da zarýad beriş stansiýasynda ulanyp bolar.
Şeýle hem Ýaponiýanyň bazary üçin Alphard Spaciuos Lounge-niň kaşaň modifikasiýada hödürlener. Bu wariant dört adam üçin niýetlenendir we salonyň ýolagçy oturýan böleginde iki sany aýratyn oturgyç bar. Olar giň diapazonly we kellegoýarlara gurlan gürleýjili sazlaýjylar bilen enjamlaşdyrylan. Ýörite göz öňünde tutulan perdejikleri ulanyp, salonyň ýolagçy bölegi bilen sürüjiniň oturýan ýeriniň arasyny ýapyp bilersiňiz. Orta hataryň ýoklugy aýak üçin giňişligi 420 millimetr artdyrdy. Şeýle modifikasiýa sowadyjyny, simsiz zarýad beriji enjamlary we ownuk zatlary goýmak üçin goşmaça ýeri hem öz içine alar.

Täze modifikasiýalar 2025-nji ýylyň başynda satuwa çykarylar. Gibrid wersiýa diňe ýokarky konfigurasiýada çykar, onuň bahasy 10 650 000 iýen (68 müň dollar) bahadan başlaýar, bu esasy modelleriň bahasyndan iki esse gymmat.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......