Aý Ýer bilen ýaşytdaş bolup çykdy. Bularyň ikisi hem 4,51 milliard ýyl ozal döräpdir

  • 26.12.2024 07:20
  • 4.1k+

Alymlar Aýyň ýaşyna gaýtadan garadylar. Amerikaly we ýewropaly alymlar tarapyndan geçirilen barlag Ýeriň hemrasynyň 4,51 milliard ýyl ozal, ýagny planetamyz bilen bir wagtda diýen ýaly emele gelendigini görkezdi diýip, NBC habar berýär.

Şeýle netijä “Apollon 17” missiýasy tarapyndan iberilen Aý jynslaryndan alnan mikroskopik kristallar bolan sirkonlaryň seljerilmegi esasynda gelindi. Olar lawa bilen planetanyň ýüzüne “akyp çykan” gatlakda ýüze çykýar.

“Biziň hasaplamalarymyz, Aý jynslarynda 4,35 milliard ýyllyk sirkonyň kristal nusgalarynyň ýygy-ýygydan duş gelmegi, Aýyň içki böleginiň Ýer bilen Günüň agyrlyk güýjüniň täsiri netijesinde bütinleý erändigini görkezýär. Muny diňe Aý, takmynan, 4,5 milliard ýyl ozal ýüze çykan halatynda düşündirip bolar "-diýip planetologlar ýazýarlar.

Santa-Kruzdaky (ABŞ) Kaliforniýa uniwersitetiniň professory Frensis Nimmonyň ýolbaşçylygynda geçirilen barlag Nature žurnalynda çap edildi. Täze teoriýa sirkonlaryň we Aýdaky az sanly gadymy kraterleriň ýaşyny düşündirýän modelirlemek bilen tassyklanýar.
Açyş Gün ulgamynyň ösüşi baradaky düşünjäni üýtgedýär.


düýn 12:47
5.1k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
9.7k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

30.05.2026 20:46
2.5k+

NASA kosmonawtlaryň Aýda münjek täze rowerlerini görkezdi

NASA kosmos agentligi Aýyň günorta polýusynda gurnaljak geljekki ylmy bazanyň esasy tehniki bölekleriniň täze çyzgylarynyň ýakyndan tanyşdyrylyşyny geçirdi....

30.05.2026 01:11
1.4k+

NASA Aý missiýalary üçin döreden aşa çydamly we arzan materialyny synagdan geçirdi

NASA-nyň Glenn barlag merkezinde Aý tozanynyň meňzeşinden gyzgynlyga çydamly we ykdysady taýdan bähbitli täze bir material işlenip düzüldi. Ol geljekki Aý missiýalarynda kosmonawtlaryň enjamlaryny goramak we......