Huawei Hytaýda Pura 70 Ultra-nyň bahasyny 250 dollardan gowrak arzanlatdy

  • 25.12.2024 11:41
  • 7k+

Huawei DxOMark-yň wersiýasyna boýunça dünýäde iň gowusy diýlip ykrar edilen flagman kamerofony - Pura 70 Ultra-nyň bahasyny ep-esli arzanlatdy. Indi Hytaýyň içerki bazarynda 12 Gb operatiw ýatly we 512 Gb fleş ýady bolan enjamyň täze wersiýasynyň bahasy 1027 dollar. Şu ýylyň ýazynda smartfon çykan wagty onuň bahasy 1290 dollardy diýip, Gizmochina habar berýär.

Kamerofonyň beýleki wersiýalary üçin hem bahalar arzanlady. 16 Gb RAM-ly we 512 Gb hemişelik ýady bolan modeliň bahasy 1233 dollardan 1096 dollara çenli arzanlady. 1 TB ýatly ýokarky wersiýanyň bahasy indi 1380 dollaryň deregine 1233 dollar.
Huawei Pura 70 Ultra Full HD+ durulygy we 120 Hz täzeleniş tizligi bolan 6,8 dýuýmlyk OLED ekrany bilen enjamlaşdyrylandyr.
Smartfonyň esasy aýratynlyklaryndan biri giňelip we ýygnalyp bilýän mehaniki aýlanýan teleskopik linzaly 1 dýuým 50 megapiksel datçigiň bolmagydyr. Şeýle hem 40 megapiksel ultra giň burçly datçik hem-de makro surata düşüriş we şekili optiki durnuklaşdyryjy 50 megapikselli teleobýektiwi bar. Üç datçigiň üçüsi hem burçy aýlawly uly üçburç blokda ýerleşýär.
Esasy kamerada f/1.6-dan f/4.0 çenli üýtgeýän diafragma we suratyň ýokary hilli bolmagyny üpjün edýän, sensory süýşürmek arkaly şekili durnuklaşdyrmak tehnologiýasy bar. Kamera sagatda 300 km-e çenli tizlikde dury surata düşmäge ukyply we sensor bolsa azyndan 300 müň sikl giňelmäge we gysylmaga çydamlylyk synagyndan geçdi. Şeýle hem 3,5x optiki ýakynlaşdyrmagy we 100x sanly ýakynlaşdyrmagy goldaýar.
Enjam 100W çalt simli zarýad bermegi we 80W simsiz zarýad bermegi goldaýar. Batareýanyň kuwwaty 5200 mAh.


18.06.2026 11:17
4.6k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.3k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....