The Weeknd “Hurry Up Tomorrow” albomy üçin filmi anons etdi

  • 25.12.2024 11:00
  • 2.5k+

The Weeknd “Hurry Up Tomorrow” filmini anons etdi. Film onuň 24-nji ýanwarda çykjak adybir studiýa albomynyň üstüni ýetirer.

Lenta Lionsgate kinokompaniýasy bilen bilelikde döredildi. Taslamada baş rollary Jenna Ortega we Barri Keogan ýerine ýetirdi, režissýor hökmünde “Tolkunlar” (Волны) filmi bilen tanalýan Treý Edward Şuls çykyş etdi. Artistiň özi-de ekranda peýda bolýar.
Albom “After Hours” we “Dawn FM” albomlaryny öz içine alýan trilogiýanyň jemleýji bölegi bolar. Bu aýdymçynyň The Weeknd lakamy bilen iň soňky plastinkasy bolar. Geljekde Abel Tesfaýe aýdymlary öz hakyky ady bilen çykarmagy meýilleşdirýär.
“Hurry Up Tomorrow” artistiň täze aýdymlaryndan ruhlanan psihologiki triller hökmünde görkezilýär. Ony döredijiler özboluşly kinoteatr tejribesini wada berýär.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....