Metacritic tankytçylaryň pikirine görä ýylyň iň gowy seriallarynyň haýsylardygyny aýtdy

  • 25.12.2024 10:24
  • 5.1k+

Metacritic 2024-nji ýylyň iň gowy seriallarynyň jemleýji sanawyny hödürledi. Öňdäki orunlary “Sugunjyk” («Оленёнок»), “Sýogun” («Сёгун»), “Bäsdeşler” («Соперники») seriallary eýeledi.

Birinji ýeri "Sugunjyk" aldy. Netflix-iň howply aňtaýjy hakdaky bu meşhur taslamasy alty sany “Emmi” baýragyny we Teletankytçylar birleşiginiň baýragyny aldy. Bu şüweleň  ýakyn wagtda geçiriljek “Altyn globusyň” gowşurylyş dabarasynda hem baýraga mynasyp bolup biler. Serialyň döredijisi we baş keşbi ýerine ýetiren Riçard Gadd HBO-dan täze taslama üçin sargyt aldy.
Taryhy drama bolan "Sýogun" ikinji ýeri eýeledi. Jeýms Klaweliň romanynyň serial görnüşi millionlarça tomaşaçylary özüne çekdi we 25 nominasiýadan 18 sany heýkel alyp, “Emmi” baýragyny almakda rekord goýdy.
“Disney+"-yp “Bäsdeşler” serialy Jilli Kuperiň adybir romanynyň uýgunlaşmasy bolup, tomaşaçylary 1980-nji ýyllaryň iňlis telewideniýesiniň rehimsiz dünýäsi bilen tanyşdyrýar. Drama eýýäm ikinji möwsüm üçin sargyt edildi.
Metacritic-iň wersiýasyna görä, 2024-nji ýylyň iň gowy 10 serialy aşakdakylardan ybarat:

  • “Sugunjyk” - 88/100
  • "Sýogun" - 85/100
  • "Bäsdeşler" - 84/100
  • "Akylly: Dewid Çeýz we “Soprano" - 84/100
  • "Arwahlar" - 84/100
  • “Iňlis dili mugallymy” - 83/100
  • "Jerrod Karmaýklyň Realiti şowy" - 83/100
  • “Iks’97-niň adamlary” - 82/100
  • “Hiç zat diýme” - 80/100
  • "Duýgudaş" - 80/100

Ýylyň ortasynda agregator tarapyndan hödürlenen wersiýa bilen deňeşdirilende, sanawa uly üýtgeşmeler girizildi.


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....