BSGG we Türkmenistan dümew pandemiýasyna taýýarlyk gurallaryny maslahatlaşdylar

  • 24.12.2024 17:10
  • 10k+

23-nji dekabrda Aşgabatda «Ýyldyz» otelinde “Türkmenistanda dümewiň pandemiýasyna taýýarlyk mehanizmini durmuşa geçirmek" boýunça milli maslahat geçirildi. Duşuşyk Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan gurnaldy.

Duşuşyga Türkmenistanyň Oba hojalygy, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Döwlet weterinariýa gullugynyň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, şeýle hem ýurdumyzyň sebitleriniň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň Halkara we ylmy aragatnaşyklar bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow maslahatda eden çykyşynda weterinariýa pudagynda asudalygy üpjün etmegiň esasy guraly hökmünde epidemiologiki we laboratoriýa gözegçiligini güýçlendirmegiň möhümdigini belläp, ýokanç keselleriň öňüni almak we gözegçilikde saklamak üçin ösen öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanmagyň, ylmy çemeleşmeleri gowulandyrmagyň we pudagara hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň möhümdigini belläp geçdi.
Milli maslahatyň maksady dümew pandemiýasy, epidemiologiki we wirus gözegçiligi we Türkmenistanda ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy taýýarlyk gurallarynyň taslamasynyň gidişini ara alyp maslahatlaşmak boldy.


düýn 22:17
939

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......