Alymlar Stounhenjiň gurulmagynyň mümkin bolan maksadyny anykladylar: ol agzybirligiň nyşany

  • 24.12.2024 16:55
  • 10k+

Stounhenj Britaniýanyň gadymy jemgyýetlerini bir umumy medeni-syýasy ulgama birikdirip, olaryň agzybirliginiň nyşany hökmünde hyzmat eden bolsa gerek. Şeýle çaklamalary Londonyň Uniwersitet kollejiniň we Aberistuit uniwersitetiniň alymlary öňe sürýär diýip, The Guardian habar berýär.

Professor Maýk Parker Pirson ýadygärligiň ähli daşlarynyň bu ýere aýry-aýry sebitlerden getirilendigine esaslanýar. Ýeri gelende bellesek, awgust aýynda arheologiki jemgyýet üçin üýtgeşik açyş edildi: Stounhenjiň altar daşynyň Şotlandiýadan, 750 km uzaklykdan daşalandygy anyklandy. Öň, merkezi daş 200 km uzaklykda ýerleşýän Uelsden getirilendir diýlip hasaplanýardy.

“Men Stounhenje dogry nukdaýnazardan seretmedik diýip pikir edýärin. Bu Britaniýanyň halklarynyň ata-babalar we kosmos bilen ebedi baglanyşygyny alamatlandyrýan jebisliginiň ýadygärligidir” – diýip, alym belledi.

Hünärmenleriň pikiriçe, altar daşy Şotlandiýada has irki ýadygärligiň bir bölegi bolup, soň syýasy birleşigiň nyşany hökmünde getirilen bolsa gerek. Stounhenjiň gurluşygy jemgyýetleriň uly birleşmesiniň bir bölegi bolup biler we muny Britaniýanyň dürli sebitlerinde giçki neolit döwrüniň jaýlarynyň binagärligindäki meňzeşlik tassyklaýar.
Mundan başga-da, köpden bäri altar daşy birwagtlar dik durup, wagtyň geçmegi bilen ýykylypdyr diýlip hasaplanýardy. Ýöne Pirson Şotlandiýanyň demirgazyk-gündogarynda daşlary bilkastlaýyn göni ýatan birnäçe aýlawly desganyň bardygyny belleýär.

“Indi biziň onuň gelip çykyşy barada bilýänlerimizi göz öňünde tutsak, onuň bilkastlaýyn ýata ýagdaýda gurulmagy has ynandyryjy görünýär” – diýip, alym aýdýar.


düýn 12:00
3.5k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......