“Mumiýa” gaýdyp gelýär; Filmiň remeýki 2026-njy ýylyň ýazynda çykar

  • 24.12.2024 00:22
  • 4k+

“Mumiýa” başdangeçirmeler filminiň remeýki 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde çykar. Filmiň režissýory “Eýmenç ölüleriň gozgalaňy” (“Восстание зловещих мертвецов”) we “Başga” (“Другой”) eserleri bilen tanalýan irlandiýaly Li Kronin. Bu barada Collider neşiri habar berýär.

Filmiň edebi esasyny hem Kronin ýazar.
Režissýor X sosial ulgamynda: “Bu owal-ahyr gören “Mumiýa” filmleriňiziň hiç birine meňzemez. Men juda gadymy we diýseň gorkunç bir zady açmak üçin ýeriň çuňlugyna çümýärin" – diýip ýazdy.
Geljekki filmiň sýužeti häzirlikçe gizlin saklanýar. Insaýderleriň berýän maglumatlaryna görä, oňa 1999-njy ýylyň asyl “Mumiýa” filminde oýnan ýyldyzlar Brendan Freýzer bilen Reýçel Waýs dagylaryň gatnaşmaklary mümkin.
Film Blumhouse, New Line Cinema, Atomic Monster we Doppelgangers studiýalarynyň goldawy bilen çykar. Filme Jeýms Wan, Jeýson Blum we Jon Kewil dagylar prodýusserlik eder. Taslama birnäçe iri studiýa, şol sanda Atomic Monster hem jogapkär bolar.
1999-njy ýyldaky filmiň hem remeýk bolandygyny bellemelidiris. 1932-nji ýylda çykan adybir film bar. Brendan Freýzeriň baş keşbi janlandyrmagynda düşürilen  film 416 million dollardan gowrak girdeji gazanypdy. Ol iki sikweliň we spin-offyň döremegine sebäp boldy.
2017-nji ýylda Universal Pictures studiýasy Tom Kruzyň baş keşbi janlandyrmagynda “Mumiýany” çykarmak bilen, franşizany täzeden goýbermäge  synanyşypdy. Emma film kassa ýygymynda şowsuzlyga uçrady, tankytçylaryň ýaramaz synlaryny aldy we aktýora “Iň erbet aktýor” kategoriýasynda “Altyn malina” baýragyny berdi. Şeýle kabul edilmegi Universal-y “Garaňky älem” boýunça birnäçe taslamany çykarmak baradaky asyl meýilnamalaryndan ýüz öwürmäge mejbur etdi.


şu gün 11:31
988

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.6k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
14k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....